Golfçy Taýger Wuds taryhda üçünji milliarder türgen boldy

Golfçy Taýger Wuds taryhda üçünji milliarder türgen boldy

Golf boýunça “Meýjor” seriýasynyň ýaryşlarynyň on bäş gezek ýeňijisi Taýger Wudsyň baýlygy bir milliard dollardan geçdi. Şeýlelik bilen, ol taryhda milliarder bolan üçünji türgen boldy diýip, “Forbes” žurnaly habar berýär. Muny mir24 ýetirýär.

Şol bir wagtyň özünde ýaryşlardan gazanylan pul baýraklary 46 ýaşly golfçynyň baýlygynyň 10%-den hem az bölegini emele getirýär.Ol milliardy, esasan, Gatorade, Monster Energy, TaylorMade, Rolex we Nike bilen mahabat kampaniýalarynda gazandy.

Mundan başga-da, oňa restoran we golf bilen baglanyşykly birnäçe firmalar degişli.Forbes-iň maglumatlaryna görä, amerikaly türgen karýerasynyň ýokary derejesinde pul baýraklaryny hasap etmezden 100 million dollardan gowrak gazanýardy.

Milliarder türgenleriň sanawyna Wudsdan başga-da, basketbolçylar Maýkl Jordan bilen Lebron Jeýms girýär.

Ýene degişli makalalar

Ýagşymyradow Bellator 292-de Englikasy ýeňdi, Türkmenistanda Türkiýedäki ýertitremede ejir çekenler üçin 3 milliondan gowrak türk lirasy ýygnaldy, Si Szinpin Hytaýyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy we beýleki habarlar
“Gazanylan üstünlikleriň” sanawy. Okyjydan
Geçen ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleri
Ýylyň türgenleri saýlandy
Ýylyň türgenleri saýlandy
11 ýyldan soň