Ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleri

Dünýä belli ykdysady neşir bolan “Forbes” žurnaly ýylyň iň köp pul gazanan türgenleriniň sanawyny mälim etdi. Öňdäki 3 orny futbolçylar eýelemegi başardy.Sanawda 1-nji orny Lionel Messi eýeledi.

Ol soňky 12 aýyň dowamynda 127 million dollarlyk gazanç edipdir. “Barselonanyň super ýyldyzynyň gazanjynyň 92 million dollary aýlyk-premýe haklaryndan bolsa, galan 35 million dollary mahabatlaryň paýyna düşýär.Lionel Messi bu arzyly sanawda ilkinji gezek 1-nji orny eýeläp, ol muny başaran 8-nji türgen hökmünde hasaba alyndy. 30 ýyldan bäri yglan edilýän bu sanawda häzire çenli iň köp birinjiligi eýelän Taýger Wuds bolup, golf sportunyň ägirdi 12 gezek iň köp girdeji gazanan türgen bolmagy başardy.

Messiden soň 2-nji ýerde portugaliýaly super ýyldyz Kristiano Ronaldo bolup, ol geçen ýylyň iýunyndan şu ýylyň iýunyna çenli aralykda gazanjyny 109 million dollar artdyrmagy başardy.Onuň gazanjynyň 65 million dollary aýlyk töleglerinden bolsa, galan 44 millionyny mahabatlar emele getirýär. 105 million dollarlyk girdeji bilen 3-nji orna adyny ýazdyran braziliýaly Neýmar gazanjynyň 75 millionyny aýlyk haklaryndan ýygnap, galan 30 millionyny-da mahabtlardan aldy.

Ilkinji onlukda başga futbolçy bolman, 3 basketbolçy, 2 amerikan futbolynyň ýyldyzy, 1 tennisçi, 1 boksçy sanawy jemleýär.Iň köp gazanç eden ilkinji 100 türgen 25 ýurtdan bolup, olar sportuň 10 görnüşine wekilçilik edýär.

Olaryň umumy gazanjy 4 milliard dollara deňdir.Ortaça alnanda, 25 million dollar bolup, ol mundan 5 ýyl öň 17,5 milliona deňdi.Bu bolsa, soňky ýyllarda türgenleriň aýratynam teleýaýlymlardan gazanýan pullarynyň möçberiniň artýandygyny görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Ýagşymyradow Bellator 292-de Englikasy ýeňdi, Türkmenistanda Türkiýedäki ýertitremede ejir çekenler üçin 3 milliondan gowrak türk lirasy ýygnaldy, Si Szinpin Hytaýyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy we beýleki habarlar
“Gazanylan üstünlikleriň” sanawy. Okyjydan
Geçen ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleri
Ýylyň türgenleri saýlandy
Ýylyň türgenleri saýlandy
11 ýyldan soň