Ýylyň türgenleri saýlandy

Sport äleminiň Oskary hasaplanýan “Laureus” baýraklarynyň bu ýylky eýeleri Monte Karloda geçirilen şowhunly dabarada mälim edildi.Sport ýyldyzlarynyň gatnaşan dabarasynda dünýäde ýylyň erkek türgeni diýlip, serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç saýlandy.

Soňky 3 “Uly tuwulgany” gazanan Jokowiç britaniýaly F1 sürüjisi Lewis Hamilton, amerikaly basketbolçy LeBron Jeýms, fransiýaly futbolçy Kilian Mbappe, horwatiýaly futbolçy Luka Modriç hem-de keniýaly ýeňil atletikaçy Eliud Kipçoge dagydan öňe saýlanmagy başardy. 31 ýaşly tennisçi 2012-nji, 2015-nji hem-de 2016-njy ýyllarda-da bu hormata laýyk görlüpdi.“Laureus” sport akademiýasy tarapyndan 2000-nji ýyldan bäri gowşurylýan “Laureus” baýraklarynda ýylyň zenan türgeni diýen ada amerikaly gimnastikaçy Simon Baýles mynasyp boldy.

Baýles 2017-nji ýylda-da bu baýragy alypdy.Bu ugurda amerikaly lyžaçy Mikaela Şiffrin, rumyniýaly tennisçi Simona Halep, germaniýaly tennisçi Anjelika Kerber, şweýsariýaly triatlonçy Daniela Ryf hem-de çehiýaly snoubordçy Ester Ledeka dagy dalaşgär görkezilipdi. Ýylyň topary baýragyna Fransiýanyň futbol ýygyndysy laýyk görlen bolsa, ýylyň gowy ösüş görkezen türgeni diýlip, ýaponiýaly tennisçi zenan Naomi Osaka saýlandy. Ýylyň gaýdyp gelşi baýragy amerikaly golfçy Taýger Wudsa berildi. Ýylyň paralimpiýa türgeni baýragyna slowakiýaly Henrieta Farkasowa, ýylyň ekstrimal türgeni baýragyna-da amerikaly snoubordçy Hloe Kim laýyk görüldi. Ýylyň iň gowy sport pursaty baýragyna hytaýly alpinist Şia Boýu mynasyp boldy. Ýylyň aýratyn başarnygy baýragy keniýaly ylgaýjy Eliud Kipçogä, ýylyň sport ruhy baýragy amerikaly lyžaçy Lindsi Wonna, ömürboýy başarnyk baýragy-da fransiýaly tälimçi Arsen Wengere gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň türgenleri saýlandy
Bütindünýä sport baýraklarynyň eýeleri
Öz watandaşynyň rekordyny täzeledi
Londonda keniýalylaryň ýeňşi
Marafonda täze rekord
Ýylyň ýeňil atletikaçylary kim bolar?