Bütindünýä sport baýraklarynyň eýeleri

Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilen “Laureus” Bütindünýä sport baýraklarynyň eýeleri mälim edildi. Şol mynasybetli geçirilen dabara sport dünýäsiniň görnükli wekilleri gatnaşdylar.Dabarada ýylyň erkek türgeni diýlip, ilkinji gezek 2 türgen saýlandy.

Olar “Barselonanyň” argentinaly futbolçysy Lionel Messi bilen angliýaly Formula 1 sürüjisi Lýuwis Hamilton bolup, ikisi-de bu hormata ilkinji gezek mynasyp görüldi. Ýylyň zenan türgeni baýragyny bassyr 2-nji, umumylykda 3-nji gezek amerikaly gimnastikaçy Simona Baýles eýeledi. Ýylyň topary diýlen ugurda “Laureus”-yň arzyly heýkeljigi Günorta Afrikanyň regbi boýunça milli ýygyndysynyň oýunçylaryna gowşuryldy. Ýylyň ösüş görkezen türgeni diýlip, kolumbiýaly Egan Bernal saýlanan bolsa, germaniýaly zenan sürüji Sofiýa Florş ýylyň gaýdyp gelişi baýragy bilen sylaglandy.

Amerikaly türgenler Oksana Masters ýylyň paralimpiýa türgeni, snoubordçy Hloýa Kim ýylyň “Action” türgeni diýlen ugurlarda “Laureus”-yň heýkeljiklerine laýyk görüldi.Hormat sylagy hökmünde weteran türgenlere berilýän ýylyň pursaty baýragy bu gezek hindistanly meşhur kriketçi Saçin Tendulkara berildi.

“Laureus” baýraklary “Laureus” bütindünýä akademiýasy tarapyndan 2000-nji ýyldan bäri berlip, ol ýylyň tapawutlanan türgenlerine gowşurylýar.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň türgenleri saýlandy
Ýylyň türgenleri saýlandy
25-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
“Garynja adam we ary” (Ant-Man and the Wasp)
Jon Wigiň nobatdaky başdan geçirmesi