Taýger Wudsuň 82-nji kubogy

Ýaponiýada geçirilen ZOZO golf ýaryşynda amerikaly Taýger Wuds ýeňiji boldy. Şeýlelikde, 43 ýaşyndaky Wuds “PGA Tour” ýaryşlarynda 82-nji çempionlygyny gazanyp, bu ugurda watandaşy Sem Snidiň rekordyny gaýtalady.

Karýerasyndaky ilkinji kubogyny mundan 23 ýyl ozal ýokary göteren Taýger Wuds ABŞ-da, Ýaponiýada, Angliýada, Irlandiýada, Şotlandiýada, Ispaniýada, Kanadada birnäçe ýaryşda ýeňiş gazandy.Aprel aýynda “Masters” ýaryşynda çempion bolup, 11 ýyldan soň, 15-nji uly kubogyny gazanan Wuds bu ugurda rekordyň eýesi Jek Niklausa (18 uly kubok) bir ädim golaýlapdy.

Ýene degişli makalalar

Geçen ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleri
Ýylyň türgenleri saýlandy
Ýylyň türgenleri saýlandy
11 ýyldan soň
Ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleri
10 ýyllygyň iň köp girdeji gazanan türgenleri