11 ýyldan soň

Golf boýunça her ýyl geçirilýän 4 uly ýaryşyň (Four Major Championships) biri bolan “Masters” bäsleşiginde amerikaly Taýger Wuds ýeňiş gazandy.ABŞ-nyň Jorjia ştatynda geçirilen 83-nji “Masters” ýaryşynda 275 utuk toplan rowaýaty golfçy 11 ýyldan soň, 4 uly bäsleşigiň birinde çempionlyk gazanmagy başardy. Şunlukda, 43 ýaşyndaky golfçy 15-nji uly kubogyny asmana göterdi.

Ady rowaýata öwrülen golfçynyň gazanan bu üstünligi sportuň taryhyndaky iň uly dolanyş wakalarynyň biri hökmünde taryha girdi.Gopgunly durmuşynda birnäçe kynçylyklara döz gelmegi başaran Wuds çempionlykdan soň: Karýeramdaky iň kyn ýeňişleriň biri boldy diýip, beýanat berdi. 2 million dollardan gowrak pul baýragyny alan Wudsdan soň amerikaly golfçylar Dastin Jonson bilen Bruks Koepka 23-nji orunlary paýlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Uly ýaryşlardaky ilkinji çempionlygy
“Gazanylan üstünlikleriň” sanawy. Okyjydan
Iň köp mahabat alýan türgenler
Taýger Wudsuň 82-nji kubogy
Golfçy Taýger Wuds taryhda üçünji milliarder türgen boldy
Ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleri