Uly ýaryşlardaky ilkinji çempionlygy

Golf boýunça möwsümiň 3-nji Uly ýaryşy bolan “Amerika Açyk” bäsleşiginde ýerli golfçular ýeňiji boldular. 35 ýaşly Gari Wudland 271 utuk bilen 1-nji Uly ýaryş kubogyny, karýerasy boýunça-da 6-njy professional baýragyny gazandy.

Kaliforniýada geçirilen ýaryşda geçen 2 ýylyň çempiony Bruks Koepka 274 utuk bilen 2-nji ýeri eýeledi. 119-njy gezek geçirilen bu ýaryşda ýeňiji 2 million 250 müň dollarlyk pul baýragy bilen sylaglandy. 2-nji ýeri eýelän Bruks Koepka 1 million 350 müň dollar pul baýragy gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

11 ýyldan soň
SPORT GYSGA SETIRLERDE
2024-nji ýylda Merkezi Aziýada nämä garaşyp bolar?
Ösümlikden öndürilen oýnawaç
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (39-njy bölüm)