ABŞ-da ulagyny adamlaryň üstüne süren sürüji 1-nji derejeli adam öldürmek bilen aýyplanar

ABŞ-da ulagyny adamlaryň üstüne süren sürüji 1-nji derejeli adam öldürmek bilen aýyplanar

ABŞ-nyň Wiskonsin ştatynda ulagyny adamlaryň üýşen ýerine sürüp 5 adamyň ýogalmagyna, 40-dan gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan Darrel Bruks 1-nji derejeli adam öldürmek aýyplamasy bilen kazyýetiň öňüne çykar.

Ştatyň Waukeşa şäherinde 21-nji noýabrda ýekşenbe güni ulagyny Roždestwo sebäpli açylan ýöriş geçelgesindäki adamlaryň üstüne süren Darrel Bruksa 5 aýry jenaýat ýöňkeldi.

Waukeşa şäheriniň Polisiýa departamentiniň şefi Dan Thompson geçiren metbugat ýygnagynda 39 ýaşyndaky Darrel Bruksyň ýeke başyna hereket edendigini, wakanyň terror bilen arabaglanşygynyň bolmandygyny habar berdi.

Dan Thompson Darrel Bruksyň 5 aýry jenaýatdan 1-nji derejeli adam öldürmek bilen aýyplanýandygyny mälim etdi.

Başga bir etmişden gaçýan mahaly ulagyny adamlaryň üstüne süren we ozal jenaýat belligi bolan Darrel Bruksyň noýabr aýynyň başynda 1 müň dollar bilen tussaghanadan şertli ýagdaýda azat edilendigi ýüze çykdy.

Ýene degişli makalalar

Ösümlikden öndürilen oýnawaç
11 ýyldan soň
SPORT GYSGA SETIRLERDE
Uly ýaryşlardaky ilkinji çempionlygy
Horwatiýanyň Rimac Nevara giperkary täze dünýä rekordyny goýdy