Horwatiýanyň Rimac Nevara giperkary täze dünýä rekordyny goýdy

Horwatiýanyň Rimac Nevara giperkary täze dünýä rekordyny goýdy

Horwatiýanyň Rimak kompaniýasy Nevara elektrik giperkary bilen täze dünýä rekordyny goýmagy başardy. Bu barada procrossover.ru habar berdi.

Giperkar Famoso Raceway trassasynda rekord wagt netijesini görkezdi. Ony DragTimes-iň sürüjisi Bruks Waizelblatt dolandyrdy. Bu tizlik hasaba alnandan soň, “Rimac Nevara” çärýek mili rekord derejede - sagatda 269.58 kilometr tizlik bilen 8,52 sekuntda geçen iň çalt tapgyrlaýyn awtoulag boldy.

Rimakyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, bu awtoulaga Horwatiýanyň kenaryndaky açyk deňziň üstünden geçen çalt, garaşylmadyk we güýçli Ortaýer deňziniň tupanynyň ady dakyldy. Doly elektrikli bu giperkar 1914 at güýjüne eýe bolup, bary-ýogy 1,85 sekuntda sagatda 0-dan 100 kilometr tizlige ýetýän dört hereketlendiriji bilen işleýär.

Ýene degişli makalalar

2024-nji ýylda Merkezi Aziýada nämä garaşyp bolar?
Ösümlikden öndürilen oýnawaç
11 ýyldan soň
SPORT GYSGA SETIRLERDE
Uly ýaryşlardaky ilkinji çempionlygy