Ösümlikden öndürilen oýnawaç

Gündelik durmuşda ulanýan ähli zatlarymyzy öndürmek üçin dürli görnüşli çig mallardan peýdalanylýar.Dünýä belli LEGO kompaniýasy ösümlikden alnan plastmassalardan oýunjak öndürip başlandygyny mälim etdi.Kompaniýa 2015-nji ýyldan bäri plastmassanyň deregini tutjak çig mal taýýarlamagyň aladasyny edýärdi.

LEGO şu aýyň başynda şekerçiňrikden alnan polietileni çig mal hökmünde peýdalanyp başlady.Bu lego bölejikleriniň adaty oýnawaçlardan berklik we çeýelik babatda hiç hili tapawudy ýok.Kompaniýanyň daşky gurşaw boýunça wekili Tim Bruks tebigat üçin oňyn täsir döretmek isleýändiklerini we çagalar üçin ajaýyp oýunjaklary öndürmegiň aladasyny edýändiklerini aýdýar.

Legonyň ilkinji bioplastmassa oýnawaçlarynyň şekilleri hem aýratyn many eýeleýär.Lego bölejiklerinde ýaprak, agaç we beýleki şekiller bar.Geljekde beýleki bölejikler hem şeýle çig maldan öndüriler. “LEGO Group” 2030-njy ýyla çenli ähli çig maly daşky gurşawa zyýansyz çeşmelerden üpjün etmegi maksat edinýär. “Lego” golaýda “Fast Company”-nyň 2018-nji ýylyň iň täzelikçi kompaniýalarynyň sanawyna girmäge hukuk gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Ýaş zehinli talybyň halkara üstünligi
Şu minuda çenli Turkmenportal-yň esasy habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI LEONARDO S.p.A. KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Hormatly Prezidentimiz italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi