2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan sport köwüşleri mälim edildi

2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan sport köwüşleri mälim edildi

Tamamlanyp barýan 2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan sport aýakgaby (krossowkasy) Nike Dunk Low Panda boldy. Bu barada Hypebae portaly eBay onlaýn-platformasyna salgylanyp habar berdi.

Nike sport aýakgaplaryndan soň meşhurlygy babatda Air Jordan 1 Retro High OG Patent Bred, Adidas Yeezy Boost 350 V2 Beluga Reflective, Adidas Yeezy Boost 350 V2 Bone we the Air Jordan 11 Retro Cool Grey krossowkalary barýar.

Bu ýylda isleg artan sport aýakgaplarynyň sanawynda ilkinji orna New Balance 990 V1 kysymy eýe boldy, oňa isleg 200 göterim artypdyr. Onuň yzyndan New Balance 2002R, Adidas Forum Low we New Balance — 550 hem-de 990 V2 kysymly aýakgaplar barýar.

Onlaýn söwdalarda iň köp gyzyklanylan krossowkalar Nike, Adidas, Air Jordan, New Balance hem Vans brendleriniň önümleri bolupdyr. Bu barada Gazeta.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan krossowkalar
“Nike” iň naýbaşy krossowka brendi
Golfçy Taýger Wuds taryhda üçünji milliarder türgen boldy
Rowaýaty basketbolçynyň sport aýakgaby rekord bahadan satyldy
Maýkl Jordan üçin ýörite döredilen Nike krossowkalarynyň ilkinji jübüdi 1,47 mln dollara satyldy
Maýkl Jordanyň sport aýakgaplary bäsleşikli söwdada satylar