DÇ-2022: Kamerun Serbiýa bilen oýunda ýeňlişden halas bolmagy başardy

DÇ-2022: Kamerun Serbiýa bilen oýunda ýeňlişden halas bolmagy başardy

DÇ-2022-niň G toparçasyndaky ikinji tapgyryň birinji oýnunda Kamerun Serbiýa bilen 3:3 hasabynda deň oýnady. Dartgynly geçen duşuşykda hasaby açmak kamerunlylara nesip etdi. Oýnuň 29-njy minutynda Kastelleto Kameruny hasapda öňe çykardy.

Emma emin tarapyndan birinji ýaryma goşulyp berlen minutlarda serbler iki gol urup, arakesmä ýeňiji hökmünde çykmagy başardylar.Has takygy, 45+1-nji minutda Pawlowiç, 45+3-nji minutda bolsa Milinkowiç-Sawiç öz adyna gol ýazdyrdy.

Duşuşygyň ikinji ýarymy hem Serbiýanyň goly bilen başlandy. 53-nji minutda Mitrowiç serbleriň hasapdaky üstünligini iki topa çykardy.Emma kamerunly oýunçylar erjel hereket edip, ýeňlişden halas bolmagyň hötdesinden geldiler. 63-nji minutda Abubakar, 66-njy minutda Şupo-Moting tarapyndan urlan gollar oýnuň deňlikde tamamlanmagyna getirdi.

Şeýlelikde, Serbiýanyň we Kamerunyň ýygyndylary şu mundialdaky ilkinji utuklaryny gazandylar. G kwartetinde ikinji tapgyryň beýleki oýny Braziliýa bilen Şweýsariýanyň arasynda bolar. Hersi 3 utukdan toplan bu toparlaryň arasyndaky gapma-garşylyk şu gün 21:00-da başlanar.

G toparçasynda üçünji tapgyryň duşuşyklary 2-nji dekabrda 23:55-de başlanar. Indiki tapgyrda Serbiýa Şweýsariýa bilen, Kamerun bolsa Braziliýa bilen güýç synanyşar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň çäginde dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna Match tv teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.

Ýene degişli makalalar

Serbiýanyň ýygyndysy
Braziliýa hem ýeňilýär, şweýsarlar soňky 5 çempionatda 4-nji gezek 1/8 finala çykdy
DÇ-2022: Şweýsariýa Serbiýa utup, 1/8 finala çykdy
6 gol geçirilse-de, ýeňiş gazanan bolmady
Nigeriýada mina partlady
DÇ-2022: Kamerun Braziliýany ýeňlişe sezewar etdi