DÇ-2022: Kamerun Braziliýany ýeňlişe sezewar etdi

DÇ-2022: Kamerun Braziliýany ýeňlişe sezewar etdi

Braziliýanyň milli ýygyndysy DÇ-2022-niň üçünji tapgyrynda Kamerundan 1:0 hasabynda asgyn geldi. Duşuşykda urlan ýeke-täk gol 90+2-nji minutda Wensan Abubakaryň adyna ýazyldy.

Şeýlelikde, Kamerunyň milli ýygyndysy 2002-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dünýä çempionatynda ýeňşini baýram etdi. Mundan ozal, Kamerun mundiallarda bassyr 9 oýunlap ýeňiş gazanyp bilmän gelýärdi.

Ýöne Braziliýanyň üstünden gazanylan ýeňiş hem Kameruna pleý-off tapgyryna çykmak üçin ýeterlik bolmady. Sebäbi parallel wagtda geçen beýleki oýunda Şweýsariýanyň 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegi, Kamerunyň 4 utuk bilen toparçany üçünji orunda jemlemegine getirdi.

G toparçasynda Braziliýa 6 utuk bilen birinji orny özünde saklady. Pentakampionlar 1/8 finalda 5-nji dekabr güni Koreýa Respublikasy bilen oýnarlar.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýada mina partlady
Braziliýa hem ýeňilýär, şweýsarlar soňky 5 çempionatda 4-nji gezek 1/8 finala çykdy
DÇ-2022: Portugaliýa we Braziliýa 1/8 finalda
Kamerunda suw süýşgüninde 14 adam heläk boldy
DÇ-2022: Kamerun Serbiýa bilen oýunda ýeňlişden halas bolmagy başardy
6 gol geçirilse-de, ýeňiş gazanan bolmady