Markes arany açýar

Moto GP boýunça möwsümiň 13-nji ýaryşy bolan San Marino “Gran Prisinde” sanawyň lideri, “Repsol Honda” toparynyň ispan sürüjisi Mark Markes ýeňiş gazandy.Ol Italiýanyň Rimini şäherindäki Misano Marko Simonçelli adyndaky Halkara trassada geçirilen ýaryşda 27 aýlawy 42 minut 25,163 sekuntda geçmegi başardy.

Bu onuň şu möwsümdäki 7-nji, karýerasyndaky 51-nji ýeňşi boldy.Markesden 0,9 sekunt yza galan fransiýaly Fabio Kuartararo (“Petronas Yamaha”) bilen 1,6 sekunt soň pellehanadan geçen ispaniýaly Mawerik Winýales (“Monster Energy Yamaha”) degişlilikde, 23-nji ýerleri eýelediler.

Geçirilen 13-nji ýaryşdan soň, sürüjileriň sanawynda birinji hatarda barýan Mark Markes utugyny 275-e ýetirip, aratapawudy 100 utuga çenli golaýlatdy. 23-nji orunlardaky italiýaly sürüjileriň Andrea Dowizioso bilen Danilo Petruççiniň degişlilikde, 182 hem-de 151 utugy bar.

Ispaniýaly Aleks Rins (149 utuk) bilen Mawerik Winýales (134 utuk) 45-nji ýerleri paýlaşýarlar.Möwsümiň 14-nji ýaryşy ertir, ýagny 22-nji sentýabrda Aragonda (Ispaniýa) geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Petruççiniň ilkinji ýeňşi
Birinji orna çykaran ýeňiş
Sanawyň lideriniň möwsümdäki 6-njy ýeňşi
Ýene-de Kuartararo ýeňiş gazandy
Täze möwsümiň ilkinji ýaryşy
Winýalesiň birinji ýeňşi