Winýalesiň birinji ýeňşi

Moto GP boýunça möwsümiň 8-nji ýaryşy Gollandiýanyň Assen şäherinde geçirildi. Ýaryşda “Yamaha” toparynyň ispan sürüjisi Mawerik Winýales ýeniji boldy.Ol 26 aýlawy 40 minut 55,415 sekuntda geçip, şu möwsümdäki ilkinji, karýerasyndaky 6-njy “Gran Pri” baýragyny gazandy.

Ondan 4,85 sekunt yza galan umumy sanawyň öňdebaryjysy ispaniýaly Mark Markes (“Honda”) 2-nji ýeri eýeledi. Ýaryşa ilkinji hatardan bat alan “Yamaha” toparynyň fransiýaly sürüjisi Fabio Kuartararo 3-nji orna mynasyp boldy.

Bu ýaryşdan soň, sanawyň lideri Markes utugyny 160-a ýetirdi. 2-3-nji orunlarda barýan “Ducati” toparynyň italýan sürüjileri Andrea Dowiziosonyň hem-de Danilo Petruççiniň degişlilikde, 116 we 108 utuklary bar.

Möwsümiň indiki ýaryşy 7-nji iýulda Germaniýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Petruççiniň ilkinji ýeňşi
Markes arany açýar
Täze möwsümiň ilkinji ýaryşy
Sanawyň lideriniň möwsümdäki 6-njy ýeňşi
Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi
3-nji ýaryşynda ilkinji ýeňşi