Angliýada elektrik energiýasyny tygşytlamak üçin futbol oýunlarynyň wagty üýtgedilip bilner

Angliýada elektrik energiýasyny tygşytlamak üçin futbol oýunlarynyň wagty üýtgedilip bilner

Angliýanyň futbol ligasy (EFL) elektrik energiýasy üçin hasaplaryň galdyrylandygy sebäpli tygşytlylyk maksady bilen oýunlary gündizki wagta geçirmek meselesine sereder. Bu barada The Independent habar berýär.

EFL ýurduň ikinji-dördünji diwiziony aralygyndaky toparlary birleşdirýär. Şunlukda, liganyň pikir soraşygyna 40 klub gatnaşdy, olaryň 63%-i oýunlaryň has irräk wagta geçirilmegi üçin ses berdiler. Şunuň ýaly çäre Angliýanyň Kubogynyň oýunlaryna hem degişli edilip bilner. Şeýle hem The Independent bir bölegi EFL-iň klublaryna gitjek maliýe serişdeleriniň Angliýasynyň premýer-ligasynyň (APL) klublarynyň arasynda täzeden paýlanmagynyň mümkindigini habar berýär. Şeýle-de , EFL-niň toparlarynyň 38%-i öz işgärleriniň aýlyk haklaryny peseltmäge-de taýýar.

Ýene degişli makalalar

Angliýada elektrik energiýasyny tygşytlamak üçin futbol oýunlarynyň wagty üýtgedilip bilner
“Liwerpul” ahyry ýeňiş gazandy
100 gola iň çalt ýeten futbolçy
“Boxing Day”-iň ýeke duşuşygynda ýeke gol
“Mancester Sitiniň” 64 million funtluk täze hüjümçisi
FA Kubogynda 4-nji tapgyryň bijeleri çekildi