Çelsi we Tuhel barada...

Çelsi we Tuhel barada...

Bu gün Çelsiniň Tomas Tuhel bilen hoşlaşandygy baradaky habarlar futbol muşdaklaryny hem, bilermenleri hem haýran galdyrdy. Şonuň üçin hem, Turkmenportal öz okyjylaryna Çelsi we Tomas Tuhel bilen bagly gysgaça syn taýýarlady.

Biziň pikrimizçe, Tuheliň wezipesinden boşadylmagy adatdan daşary sebäpler ýüze çykmasa, birhili düşnüksiz karar boldy. Topar soňky oýunlaryny o diýen şowly geçirmedik-de bolsa, heniz janköýerler tarapyndan hem Tuhelaut ýaly jümleler dile alynmandy. Toparyň Tuheli işden boşatmagynyň düşnüksiz we belli bir derejede samsyklaç karar bolandygyny birnäçe sebäpler bilen düşündirmek bolar.

Birinjiden, APL-daky we ÝÇL-däki şowsuz badalga topar üçin heniz pajygaly diýerlik däldi.Sebäbi premýer-ligada entek hiç zat ýitirilmedi, topar birinji orundan bary-ýogy 5 utuk uzaklykda ýerleşýär.

Toparyň tomusky transfelerinden soň heniz bir gezek hem optimal düzümde oýnamandygyny hasaba alsaň, bu o diýen uly aratapawut däl. ÝÇL-däki ýeňliş bolsa, eger-de toparçanyň aşa güýçli toparlardan ybarat däldigini hem-de Milanyň hem Zalsburgyň meýdanyndan 1 utuk bilen dolanandygyny göz öňünde tutsaň, topary birinji orundan mahrum ederlik derejedäki şowsuzlyk däl.

Ikinjiden, tomusky transferleriň ählisi hut Tomas Tuheliň islegi esasynda amala aşyryldy.Munuň şeýledigini toparyň täze eýesi Bouli hem öz interwýusynda tassyklapdy.Foffana, Kulibali, Kukurelýa — bularyň ählisi hem Tuheliň üç goragçyly taktiki gurluşyna niýetlenip amala aşyrylan transferler.

Soňky ýyllarda şemaly belentden öwüsýän Ris Jeýms hem hut şol Tuheliň 3-4-3 taktiki gurluşynda top derejä göterildi.Mundan başga-da, Romelu Lukaku hen Tuheliň pelsepesine gabat gelmeýändigi üçin kärendä berlip, onuň ýerine nemes hünärmeniniň öňki şägirdi Obameýang getirildi. Şunlukda, sowal döreýär: Tomas Tuheliň islegi arkaly, şonuň oýun pelsepesine esaslanyp emele getirilen düzüm bilen başga bir tälimçi oňyn netije görkezip bilermikä?!

Dogry, Abramowiçiň döwründe-de möwsümiň dowamynda tälimçi çalşyrylyp, netijede toparyň kuboklary eýelän mahallary bolupdy. Ýöne o wagtlar transfer syýasaty bilen tälimçi däl-de aýratyn hünärmenler meşgullanyp, islendik taktiki gurluşa uýgunlaşyp biljek oýunçylar satyn alynýardy. Şu nukdaýnazardan, tomusda 300 million pul harçlap, şol transfer kampaniýasyny dolandyran tälimçini güýzüň ilkinji hepdesinde işden boşatmak, hakykatdan hem, öte düşnüksiz çözgüt.

Tuheliň wezipesinden boşadylmagyny esaslandyryp biljek ýeke-täk sebäp — Zagrebdäki ýeňlişden soňra tälimçiniň we toparyň eýeleriniň arasynda dawa-jenjeliň ýüze çykan bolmagy mümkin.Premýer-ligadaky şowsuz badalga, ÝÇL-de toparçanyň autsaýderinden ýeňilmek — bularyň hijisi hem möwsümiň başynda Çelsiniň birden baş tälimçisini boşatmaga logika taýdan gabat gelmeýär.

Umuman alnanda, Çelsiniň Tuheli boşatmak hakdaky karary has gowusyny isläp, has erbedine duçar bolunýan ýagdaýa çalym edýär.

Çelsiniň täze tälimçisiniň kim boljakdygy baradaky sowala gelsek, Poçettino we Zidan häzirki wagtda eli boş hünärmenler.Brendan Rojers hem golaýda olaryň hataryna goşulyp biler. Şeýle-de sport neşirlerinde iň esasy dalaşgär hökmünde Braýtonyň halypasy Grem Potter hem agzalýar.

Braýtonyň Pottere Çelsi bilen gepleşikleri geçirmäge rugsat berendigi barada habarlar ýaýran-da bolsa, onuň uzak ýyllaryň dowamynda zähmet siňdiren taslamasyny taşlap, Braýtony terk etmegi gynandyryjy duýulýar.Sebäbi Potteriň Çelside Moýesiň Mançester Ýunaýteddäki ykbalyny gaýtalamajakdygyna hiç kim kepil geçip bilmez.

Tomas Tuheliň indiki ykbaly hakda aýtsak, ol Çelsiniň baş tälimçi tapmazynda has öň hem özüne täze topar tapsa, geň däl. Sebäbi bu gün onuň watanynda Leýpsig Tedesko bilen ýoluny başgalady. Tuhel ilkibaşda özüni bundesligada ykrar etdiripdi, şonuň üçin hem, ol Leýpsigiň ulgamyna-da keseki däl.

Ýene degişli makalalar

Çelsi Potteri işden boşatdy
“Çelsiniň” täze tälimçisi belli boldy
Çelsi 11 futbolçysyny satlyga goýdy
APL-niň geçen möwsüminiň iň şowsuz transferleri yglan edildi
Antonio Konte Tottenhemi terk etdi
Poçettino Çelsiniň baş tälimçisi boldy