Antonio Konte Tottenhemi terk etdi

Antonio Konte Tottenhemi terk etdi

Antonio Konte Tottenhem kluby bilen hoşlaşdy. Klub iki tarapyň ylalaşygy esasynda şertnamanyň bes edilendigini mälim etdi. Möwsümiň ahyryna çenli topara Kristian Stellini tälim berer. Oňa Raýan Meýson ýardam eder.

Antonio Konte 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Tottenhemiň baş tälimçisi wezipesine girişipdi. Geçen möwsümde onuň golastynda topar APL-y dördünji orunda tamamlady, häzirki wagtda hem Tottenhem premýer-liganyň turnir tablisasynda dördünji ýerde barýar.

Tottenhem Konteniň baş tälimçiliginde APL-da 56 oýun geçirip, şolaryň 32-sinde ýeňiş gazandy, 9-synda deň oýnady hem-de 15 duşuşykda ýeňlişe sezewar boldy.Italiýaly hünärmenden tälim alan döwründe topar her oýunda ortaça 1,88 utuk toplady.

Bu babatda klubyň baş tälimçisi wezipesinde azyndan 38 oýun geçiren hünärmenleriň arasynda diňe Poçettino (her oýunda ortaça 1,89 utuk) Konteden öňde.

Ýeri gelende bellesek, Tottenhemiň indiki baş tälimçisi topara ozal 2014-2019-njy ýyllarda tälim beren Poçettino bolup biler. Öz gezeginde Poçettinodan soňra Žoze Mourinýo (2019-2021), Nunu Eşpiritu Santu (2021) we Konte (2021-2023) ýaly hünärmenleriň topara garaşylýan netijeleri gazandyryp bilmändiklerini bellemek gerek. Ady agzalan tälimçileriň üçüsi bilen hem şertnama wagtyndan öň bes edildi.

Ýene degişli makalalar

Poçettino Çelsiniň baş tälimçisi boldy
APL: Üçünji tapgyr tamamlandy. Arsenal birinji, Lester iň soňky orunda
Sport syny: uik-endiň esasy futbol wakalary
APL: Arsenal arakesmeden öň arany açdy
APL: Nýukasl ikinji orna geçdi
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça