Çelsi Potteri işden boşatdy

Çelsi Potteri işden boşatdy

Çelsi baş tälimçi Gremm Potteri işden boşatdy. Klubyň öz beýanatynda mälim etmegine görä, topar bilen tälimçiniň arasyndaky şertnama ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda wagtyndan öň bes edildi.

Häzirlikçe Bruno Saltor Çelsiniň baş tälimçisiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji topary indiki oýunlara taýýarlar.

Potter 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Çelsiniň baş tälimçisi wezipesine bellenilip, topar bilen 5 ýyllyk şertnama gol çekişipdi. Aristokratlar Potteriň halypalyk etmeginde 31 oýun geçirdiler. Topar şolaryň 12-sinde ýeňiş gazandy, 11-sinde ýeňlişe sezewar boldy, 8 oýunda bolsa deňlik hasaba alyndy.

Çelsi häzirki wagtda APL-yň turnir tablisasynda 38 utuk bilen 11-nji ýerde barýar.

Ýeri gelende bellesek, Potter APL-yň şu möwsüminde işden boşadylan 13-nji tälimçi boldy. Bu liga üçin rekord görkezijidir. Mundan ozal 2013/14-nji we 20217/18-nji ýyllardaky möwsümlerde 10 tälimçi işden kowlupdy.

Ýene degişli makalalar

Çelsi we Tuhel barada...
“Çelsiniň” täze tälimçisi belli boldy
Aşgabatda Gagariniň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy geçirildi, Lebapsuwhojhalyk birleşiginiň tehniki parky Ýaponiýanyň Komatsu kompaniýasynyň täze ulaglary bilen üpjün edildi we beýleki habarlar
Grem Potter Çelsiniň baş tälimçisi boldy
Türkmenistan daşary ýurtly ýük ulaglaryna sürüjileri bilen üstaşyr geçmäge rugsat berdi, hünär synagynyň netijeleri boýunça dört sany türkmen prokurory wezipesinden boşadyldy, Täjigistanda Magtymguly adyndaky mekdep gurlar
“Çelsiniň” täze tälimçisi G. Potter