Garri Potteriň ýörite bölüminiň tizeri çykdy

Garri Potteriň ýörite bölüminiň tizeri çykdy

HBO Max akym hyzmaty “Garri Potteriň 20 ýyllygy: Hogwartsa dolanyş” (Harry Potter 20th Anniversary: Return to Hogwarts) atly ýörite bölümiň treýlerini çykardy. Bu bölümde franşizanyň aktýorlary duşuşarlar. Onuň premýerasy 1-nji ýanwara meýilleşdirilýär. Bu barada TASS habar berýär.

Wideoda Metýu Lýuis (Newill Dolgopups), Robbi Koltreýn (Hagrid) we Mark Uilýams (Artur Uizli) Hogwartsdan hat alýar.Mundan başga-da, bölümde Deniel Redkliffiň, Rupert Grintiň, Emma Uotsonyň, Helena Bonem Karteriň, Reýf Faýnsyň, Jeýson Aýzeksiň, Geri Oldmanyň, Tom Feltonyň, Ewanna Linçiň hem-de beýlekileriň peýda boljakdygy anons edildi.

Mundan öň, “Variety” aýratyn bölümiň “düýbünden täze mazmunly interwýular we aktýorlar bilen söhbetdeşlikler arkaly “Garri Potteriň” döredilişiniň jadyly taryhy barada gürrüň berjekdigini” habar berdi.Aýratyn bölüm franşizanyň ilkinji filminiň “Garri Potter we jadygöýüň daşynyň” 20 ýyllygyna bagyşlanýar.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýadaky täze ilçisini wezipä bellendi, Türkmenistanda Arkadag şäheriniň dolandyryş çägi giňeldiler, Hasyl toýuna taýýarlyk görülýär we beýleki habarlar
26-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“Garri Potteriň” esasyndaky mobil oýunlar döredijilere $1 mlrd girdeji getirdi
Ýazyjy Joan Rouling geçen ýylda 18 million funt gazandy
Türkmenistanda parlament saýlawlaryna gatnaşanlaryň sany 90%-den geçdi, 2023-nji ýylyň ilkinji iki aýynda Türkmenistan Hytaýa 1,61 milliard dollardan gowrak möçberde haryt eksport etdi we beýleki habarlar
Aşgabatdan Londona uçuşlar üçin awiapetekler satuwa çykaryldy, Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Täjigistana barar, Türkmenistan parlament saýlawlarynyň netijelerini yglan etdi we beýleki habarlar