Aktýor Deniel Redkliff ilkinji gezek kaka boldy

Aktýor Deniel Redkliff ilkinji gezek kaka boldy

Jadygöý oglanjyk Garri Potteriň keşbi bilen meşhurlyk gazanan britan aktýory Deniel Redkliff ilkinji gezek kaka boldy diýip, MIR 24 ýazýar.

Bu barada Daily Mail atly britan neşiri habar berdi. Neşirde ýerleşdirilen habarda 33 ýaşly aktýoryň aýaly, 33 ýaşly amerikan aktrisasy Erin Dark bilen bäbegi çaga arabasynda gezdirip ýören fotosuraty hem bar. Çaganyň ady we jynsy heniz gizlin saklanýar. Ýaş maşgalanyň çaga garaşýandygyny köpçülikleýin habar beriş serişdeleri martyň ahyrynda habar beripdiler.

Redkliff we Dark eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri bile ýaşaýarlar. Olar 2012-nji ýylda kino surata düşýärkäler, tanyş bolupdyrlar.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa iş sapary başlandy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ispaniýanyň täze ilçisi bilen duşuşyk geçirildi we beýleki habarlar
Nolanyň täze awtobiografik trilleri “Oppenhaýmer”
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: ikinji günüň netijeleri
Galkan hokkeý boýunça halkara ýaryşa ýeňiş bilen başlady
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: birinji günüň netijeleri
Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary