Futbol boýunça Belarusyň çempionatynyň 25-nji tapgyrynda Energetik-BGU myhmançylykda Brest şäheriniň Dinamosy bilen güýç synanyşdy. Duşuşyk myhmanlaryň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Oýundaky gollaryň ikisi hem birinji ýarymda derwezä ýollandy. Ilki bilen, German Barkowskiý Dinamonyň derwezeçisini ynjydan bolsa, soňra türkmenistanly goragçy Wepa Jumaýewiň netijeli pasyny gola öwren Abinur Nurynbet myhmanlaryň hasapdaky üstünligini 2 topa ýetirdi.
Ýeri gelende bellesek, 22 ýaşly Wepa Jumaýew Energetik-BGU toparynyň esasy düzüminiň iň möhüm oýunçylarynyň biridir. Türkmenistanly goragçy şu möwsümde 23 oýna gatnaşyp, meýdançada 1716 minut hereket etdi.
Transfermarkt portaly Wepa Jumaýewiň transfer bahasyny 150 müň ýewro möçberde bahalaýar.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi Mergen Orazow Wepa Jumaýewi milli ýygyndynyň sentýabr aýyndaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna çagyrypdy.
