Holand dünýäniň iň gymmat oýunçysyna öwrüldi

Holand dünýäniň iň gymmat oýunçysyna öwrüldi

Mançester Sitiniň norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand dünýäniň iň gymmat oýunçysyna öwrüldi. Has takygy, Transfermarkt saýtynyň täzelenen maglumatlarynda Holand 170 million ýewro bahalanyp, ol bu ugurda PSŽ-niň fransiýaly hüjümçisi Kliýan Mbappeden (160 million ýewro) öňe geçdi.

Ýeri gelende bellesek, Holand 2009-njy ýyldan bäri Transfermarkt saýtyndaky iň gymmat oýunçylaryň sanawynda birinji orna çykan APL-da oýnaýan ilkinji oýunçy boldy. 2009-njy ýylda Mançester Ýunaýtediň oýunçysy Kriştiano Ronaldu Barselonada oýnaýan Lionell Messi bilen bilelikde bu sanawyň birinji ornuny paýlaşypdy.

Maglumat üçin, Erling Holand APL-yň şu möwsüminde 11 oýunda meýdança çykyp, 17 goly öz adyna ýazdyrdy. Kliýan Mbappe bolsa Liga 1-iň şu möwsüminde 11 duşuşykda 12 gol geçirmegi başardy.

Ýene degişli makalalar

“Mançester Siti” ýeňşi ýatdan çykardy
“Liwerpul” ahyry ýeňiş gazandy
100 gola iň çalt ýeten futbolçy
“Boxing Day”-iň ýeke duşuşygynda ýeke gol
“Mancester Sitiniň” 64 million funtluk täze hüjümçisi
FA Kubogynda 4-nji tapgyryň bijeleri çekildi