Hüjümçi Didar Durdyýew futbol ýoluny Altyn asyrda dowam etdirer

Hüjümçi Didar Durdyýew futbol ýoluny Altyn asyrda dowam etdirer

Hüjümçi Didar Durdyýew öňümizdäki futbol möwsüminde Altyn asyryň düzüminde çykyş eder. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berdi.

Geçen ýyl Ahal futbol toparynyň köýnekçesini geýen hüjümçi bilen öňdäki möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşyldy. 29 ýaşly Durdyýewiň milli çempionatyň geçen möwsüminde 27 gezek tapawutlanyp, iň netijeli futbolçy bolandygyny ýatladýarys.

1993-nji ýylda Balkanabat şäherinde doglan Didar Durdyýew Aşgabadyň Olimp futbol mekdebiniň uçurymydyr. Ol Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysadyýet fakultetini tamamlady. Didar meşhur türkmen ýarym goragçysy Gurbangeldi Durdyýewiň ogludyr.

Uly futbola paýtagtyň Aşgabat toparynda gadam goýan Didar Durdyýew ilkinji resmi duşuşygyny 2010-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Daşoguz toparyna garşy geçirdi.

2012-nji ýylda Ahalyň düzümine goşulan Didar şol möwsümde 14 gezek tapawutlanyp, iň netijeli futbolçylaryň ilkinji üçlügine girdi.

2013-nji ýylda Didar Durdyýewe Altyn asyr topary gapylaryny açdy. Şol möwsümde 15 gezek tapawutlanan hüjümçi Daşoguz we Talyp sporty toparlary bilen geçirilen duşuşyklarda 3 gezekden gol geçirdi.Haçanda, aragatnaşykçylar 2014-nji ýylda taryhyndaky ilkinji çempionlygyny gazananda, çempion düzümdäki Didar Durdyýew 26 gol bilen möwsümiň iň netijeli futbolçysy bolupdy. Şol möwsümiň 23-nji tapgyrynda 6:0 hasabynda aragatnaşykçylaryň ýeňşi bilen tamamlanan duşuşykda 4 gol geçiren Didar şondan bir aý soňra Lebap topary bilen 8:1 hasabynda tamamlanan duşuşykda 5 goly öz adyna ýazdyrdy. 2015-nji ýylyň fewral aýynda AFK-nyň kubogynyň çäginde Al-Sakr bilen bolan duşuşyk Didar Durdyýewiň Altyn asyrdaky iň soňky oýny boldy. Çünki ol şol ýyl wekilçilik edýän ýokary okuw mekdebiniň Hazyna futbol toparynda Ýokary ligadaky çykyşyny dowam etdirdi.

Didar Durdyýew 2019-njy ýylda Ahalyň düzüminde çykyş edýärkä, 14 pökgi bilen futbol ýolunda ikinji gezek bir möwsümiň iň netijeli futbolçysy boldy. 2020-nji ýylyň başynda Özbegistanyň Maşal topary bilen şertnama baglaşan futbolçy bary-ýogy 5 duşuşyga gatnaşyp, şowsuz möwsümi geçirdi.

Ol 2021-nji ýylda ýene-de Ahala dolanyp geldi. Geçen ýyl Ahalyň taryhyndaky ilkinji çempionlygyna goşant goşan hüjümçi ýurduň Kubogyna hem mynasyp boldy.

Didar Durdyýew Türkmenistanyň milli ýygyndy ýygyndysyndaky ilkinji duşuşygyny 2012-nji ýylyň ýanwarynda Rumyniýanyň ýygyndysyna garşy geçirdi. Milli ýygyndyda 14 gezek meýdana çykan hüjümçi şolarda 2 gezek tapawutlandy. Ol Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň hatarynda 2013-nji ýylda Arkalaşygyň kubogyna hem gatnaşypdy.

Nemesleriň Transfermarkt portaly Didar Durdyýewe 50 müň ýewro baha kesýär.

Ýene degişli makalalar

Ahal we Merw toparlary duşuşyklaryň soňky minutlarynda ýeňiş gazandylar
Türkmenistanyň futbol çempionatynda Arkadag topary Köpetdag toparyny uly hasap bilen ýeňdi
2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempionatynyň ikinji aýlawy badalga aldy
Arkadag topary öňe saýlandy we Köpetdag bilen Aşgabat toparlary bolsa garaşylmadyk ýagdaýda güýçli toparlary ýeňdiler
Arkadag we Aşgabat toparlary garşydaşlaryny uly hasap bilen ýeňdiler, Nebitçi bolsa Köpetdag toparyndan kynlyk bilen üstün çykdy
Ahal futbol topary myhmançylykda Merw toparyny, Aşgabat topary bolsa öz meýdançasynda Nebitçi toparyny utdy
Futbol boýunça 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Kubogy ugrunda Arkadag we Ahal toparlary bäsleşerler