2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempionatynyň ikinji aýlawy badalga aldy

2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempionatynyň ikinji aýlawy badalga aldy

2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempionatynyň ikinji aýlawy Aşgabatda, Balkanabatda we Maryda geçirilen 8-nji tapgyryň duşuşyklary bilen başlandy.Bu tapgyr netijeler taýdan garaşylmadyk ýagdaýlary getirmese-de, öňdäki orunlary eýeleýän toparlaryň ýokary netijeliligi, möhüm emin kararlary hem-de paýtagtymyzdaky duşuşyklarynyň soňky minutlardaky çözgüdi bilen janköýerlere gyzykly pursatlary sowgat etdi.

Mary şäherinde häzirki çempion Arkadag topary Merw toparynyň goragyny doly gowşadyp, garşydaşynyň derwezesine jogapsyz ýedi topy geçirdi.Duşuşygyň baş gahrymany myhman toparyň hüjümçisi Didar Durdyýew boldy.Ol 9-njy, 14-nji we 58-nji minutlarda tapawutlanyp, het-trik ýerine ýetirdi.

Arkadag topary eýýäm oýnuň ilkinji minutlarynda garşydaşyny basyş astynda goýdy: 14-nji minuda çenli hasap 3:0 boldy.Didaryň ilkinji iki pökgüsiniň arasynda, 11-nji minutda Şamämmet Hydyrow hem tapawutlandy.

Ikinji ýarymda bolsa Daýanç Meredowyň (72-nji minut), Welmyrat Ballakowyň (75-nji minut) we Ýazgylyç Gurbanowyň (81-nji minut) gollary bilen artykmaçlygyny has-da berkitdi.Aşgabatda soňky orunda barýan Köpetdag topary baýrakly üçlügiň soňuny jemleýän Ahal toparyny kabul etdi. Ýaryş sanawynyň dürli böleklerinde ýerleşýändigine garamazdan, duşuşyk ikinji ýaryma çenli dartgynly ýagdaýda dowam etdi.

Oýnuň öwrülişik pursady 53-nji minutda boldy: öý eýeleriniň goragçysy Galabeg Jumamyradow ikinji sary duýduryşyny alyp, meýdançadan çykaryldy, Köpetdag toparynyň derwezesine bolsa jerime urgy bellenildi.On bir metrlik urgynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginden soň, san taýdan artykmaçlykda çykyş eden Ahal topary oýna doly gözegçilik edip başlady we soňky ýarym sagatda garşydaşynyň derwezesine dört topy geçirip, uly hasaply ýeňiş gazandy. Ýeňijileriň düzüminde Nazar Towakelow goşa top geçirdi (53-nji minut jerime urgy, 67-nji minut), şeýle hem Bäşim Gurbanberdiýew (70-nji minut) we Hakmuhammet Bäşimow (83-nji minut) tapawutlandy.

Paýtagtymyzdaky Aşgabat bilen Altyn asyr toparlarynyň arasynda Nusaý stadionynda geçen duşuşygy deňlik bilen tamamlanjak ýaly görünýärdi. Öý eýeleri tertipli goranyp, has tejribeli garşydaşynyň hüjümlerini saklap bildi. Şeýle-de bolsa, duşuşygyň soňunda Altyn asyr toparynyň derejesi öz täsirini ýetirdi: 86-njy minutda Abdyrahman Annamyradow takyk urgy bilen toparyna örän möhüm ýeňşi 1:0 hasabyny getirdi.

Tapgyryň ýeke-täk geçirilen golsuz duşuşygy ýurdumyzyň günbatarynda Balkanabat şäherinde boldy.Balkan ýaryşynda Balkanabatly Nebitçi bilen Türkmenbaşy şäheriniň Şagadam toparlary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar.Bu deňlik Şagadam toparyna dördünji orny saklap galmaga mümkinçilik berdi, Nebitçi topary bolsa birnäçe şowsuz netijelerden soň möhüm bir utuk gazandy. Şeýlelikde, sekiz tapgyrdan soň Arkadag topary 24 utuk bilen ynamly ýagdaýda birinji orny eýelemegini dowam etdirýär.

Altyn asyr topary 19 utuk bilen ikinji, Ahal topary bolsa bäsdeşleriniň utuk ýitirmelerinden peýdalanyp, 17 utuk bilen üçünji ornuny berkitdi.Hüjümçileriň sanawynda hem täze öňbaşçy peýda boldy. 8-nji tapgyrda het-trik eden Arkadag toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew 7 gol (şolaryň biri jerime urgy) bilen öňe çykdy.

Soňky dört milli çempionatyň iň gowy hüjümçisi bolan şeýlelikde ýene-de öz ussatlygyny görkezdi. 5 goldan geçiren Ahal toparynyň futbolçysy Süleýman Mirzoýew bilen Şagadam toparynyň futbolçysy Serdar Gulyýew 2 3-nji orunlary paýlaşýarlar.

Mirzoýew bir goluny jerime urgudan geçiren bolsa, Gulyýew iki goluny jerime urgy arkaly gazandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
TÝL ― 2022: Köpetdag Aşgabady iki pökgi artykmaçlygy bilen ýeňdi
Arkadag futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy tapgyryna çykdy
Türkmenistanyň ýygyndy futbol topary Tailandda ýeňiş gazanmaga taýýar