Arkadag topary öňe saýlandy we Köpetdag bilen Aşgabat toparlary bolsa garaşylmadyk ýagdaýda güýçli toparlary ýeňdiler

Arkadag topary öňe saýlandy we Köpetdag bilen Aşgabat toparlary bolsa garaşylmadyk ýagdaýda güýçli toparlary ýeňdiler

Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 9-njy tapgyryndaky duşuşyklary janköýerlere ýatdan çykmajak duýgulary peşgeş berdi.Aşgabatdaky esasy duşuşyk ýaryşyň öňdebaryjy toparynyň çempionlyk islegini ýene bir gezek tassyklady, çempionatyň aşaky basgançagynda ýerleşýän Köpetdag bilen Aşgabat toparlary bolsa garaşylmadyk ýagdaýda güýçli garşydaşlaryny ýeňip, möhüm üç utuk gazandylar.

Ilki bilen tapgyryň merkezi duşuşygy barada.Köpugurly Aşgabat stadionynyň esasy meýdançasynda geçirilen oýunda Arkadag topary Ahal toparyny ynamly 4:0 hasap bilen ýeňdi.Türkmenistanyň häzirki üç gezeklik çempiony duşuşygyň gidişine doly gözegçilik edip, 27-nji minutda Begenç Akmämmedowyň takyk urgusy bilen hasaby açdy.

Ikinji ýarymda myhmanlar Ahal toparyny öz derwezesiniň öňünde gysyp sakladylar we on minudyň dowamynda garşydaşyň derwezesine ýene üç jogapsyz pökgini girizip, uly hasaply ýeňşi üpjün etdiler.Gollary Daýanç Meredow (68-nji minut), Resul Hojaýew (70-nji minut) hem-de Rahman Myratberdiýew (78-nji minut) geçirdiler. Şeýlelikde, Arkadag topary möwsümde ýalňyşsyz çykyşyny dowam etdirýär.

Tapgyrdaky iň netijeli we dartgynly duşuşyk Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda geçirildi.Bu ýerde ikinji orunda barýan Altyn asyr topary bilen ýaryş tertibiniň soňunda ýerleşýän Köpetdag topary duşuşdylar.Myhman hökmünde çykyş eden Köpetdag topary birinji ýarymda ajaýyp oýun görkezdi.

Duşuşygyň 17-nji minudynda Bahtiýar Gürgenowyň golundan soň 0:1 hasabynda ýeňlip barýan topar gysga wagtda diňe bir hasaby deňlemän, eýsem, öňe-de geçdi.Emir Berdiýew (25-nji minut) we Arslan Saparow (32-nji minut) tapawutlandylar.

Iki minutdan soň Röwşengeldi Halmämmedow hasaby deňläp, 2:2 hasap bilen Altyn asyr toparyny oýunda saklady.Emma bu ýagdaý hem uzak dowam etmedi.Arakesmä çenli Köpetdag ýene iki gezek tapawutlanyp, birinji ýarymy 4:2 hasabynda öz peýdasyna tamamlady.

Arslan Saparow 42-nji minutda ýene bir gol geçirip, Emir Berdiýew bolsa 45-nji minutda özüniň ikinji pökgüsini tora girizdi. 50-nji minutda bolsa Arslan Saparow het-trik edip, IIM-niň toparynyň artykmaçlygyny 5:2-ä ýetirdi.

Duşuşygyň soňlarynda meýdançada dartgynly ýagdaýlar ýüze çykdy. 93-nji minutda Myrat Annaýew Altyn asyr toparynyň hasapdaky yza galmasyny iki pökgä çenli azaltdy. Şondan soň Köpetdag toparynyň futbolçylary duýgularyna erk edip bilmediler.

Goşulan wagtda topar iki oýunçysyndan mahrum boldy: 94-nji minutda Batyr Geldiýew göni gyzyl kart alyp meýdançadan çykaryldy, 95-nji minutda bolsa Mekan Amannyýazow iki sary kart sebäpli oýundan çykdy.

Muňa garamazdan, Köpetdag topary 5:3 hasap bilen häzirki möwsümdäki ilkinji ajaýyp ýeňşini saklap galdy. 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň çempionatynda ilkinji ýeňşini Aşgabat topary hem gazandy.Türkmenbaşy şäherinde Şagadam toparynyň myhmany bolan paýtagt topary her ýarymda bir goldan geçirip, garşydaşyny 2:0 hasabynda ýeňdi.

Gollary Merdan Muhadow (12-nji minut) hem-de Nurulla Raimbaýew (63-nji minut) geçirdiler. Şagadam topary myhmanlaryň tertipli goragyny böwsüp bilmedi.Balkanabatda ýerli Nebitçi topary Marynyň Merw toparyny kabul etdi. 21-nji minutda Serdar Tukiýew ýer eýelerini öňe çykardy.

Ikinji ýarymyň başynda Salim Umarow hasaby deňledi, emma, soňky söz balkanabatlylarda galdy. 83-nji minutda Maksat Çagbalyýewiň takyk urgusy bilen 2:1 hasabynda Nebitçi toparyna möhüm öý ýeňşini getirdi. Şeýlelikde, dokuz tapgyrdan soň 27 utuk toplan Arkadag topary ikinji orunda barýan Altyn asyr toparyndan aratapawudyny 8 utuga ýetirdi. 17 utukly Ahal topary bolsa Altyn asyr toparyndan 2 utuk yzda galyp, ilkinji üçlügi jemleýär. Ýaryş tertibiniň aşaky böleginde ýerleşýän Aşgabat topary bilen Köpetdag topary şu tapgyrdaky ýeňişlerinden soň altynjy orundaky Nebitçi toparyndan 6 utuk yzda barýarlar.

Hüjümçileriň ýaryşynda ýagdaý öňküligine galdy.Arkadag toparynyň hüjümçisi, soňky dört milli çempionatyň iň netijeli futbolçysy Didar Durdyýew 7 gol (şolaryň biri 11 metrlik jerime urgusyndan) bilen öňdeligini saklaýar.

Ahal toparynyň oýunçysy Süleýman Mirzoýew bilen Şagadam toparynyň futbolçysy Serdar Gulyýew 5 gol bilen 2 3-nji orunlary paýlaşýarlar. Şeýle-de, olaryň birinjisi bir goly jerime urgy arkaly geçiren bolsa, ikinjisi iki gezek 11 metrlik urgudan tapawutlandy.

Ýene degişli makalalar

AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaý ― Altyn asyr duşuşygynyň esasy düzümi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaýdan rüstem gelen Altyn asyr ilkinji ýeňşini gazandy
Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy iň güýçli bäşligiň hataryna girdi
Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy — XXI asyrda parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady
Türki Döwletleriň Guramasy Biziň Iň Uly Arzuwymyzdy
AFK-nyň kubogy ― 2021: Ýazguly Hojageldiýew Nasaf bilen duşuşykda esasan ýaş oýunçylara mümkinçilik berdi