Aşgabatda geçirilýän 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndy topary iň oňat bäş toparyň hataryna goşuldy.Didar Hajyýewiň we Mekan Nasyrowyň şägirtleri bu üstünligi 5-nji orun ugrundaky duşuşykda paýtagtymyzyň Köpetdag toparyny ýeňmek bilen gazandylar. Ýaşlar ýygyndysy üçin bu ýeňiş aňsat düşmedi.
Ikinji ýarymyň ortalaryna çenli olar Arslan Saparowyň 27-nji minutda we Orazgeldi Seýidowyň 60-njy minutda geçiren gollaryndan soň 0:2 hasabynda utulýardylar.Köpetdag topary bu duşuşygy ýeňiş bilen tamamlar öýdülýärdi.
Emma ýaş futbolçylar ruhdan düşmediler.Duşuşygyň 69-njy we 75-nji minutlarynda Weýisgeldi Orazdurdyýew iki gol geçirip, hasaby deňlemegi başardy 2:2.Esasy wagt deňme-deň hasapda tamamlandy we ýeňijini kesgitlemek üçin jerime urgularyna geçildi.
Onda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy 5:3 hasabynda ýeňiş gazanyp, 5-nji orna mynasyp boldy.Köpetdag topary bolsa ýaryşy 6-njy orunda tamamlady.Günüň beýleki duşuşygynda Balkanabadyň Nebitçi topary Merw toparyny 3:1 hasabynda ýeňip, 7-nji orny eýeledi we Marynyň toparyny sekizinji orunda galdyrdy. Ýeňijilerden Baýramgeldi Nurlyýew 49-njy minutda, Hydyr Agöýliýew 70-nji minutda we Alibek Abdyrahmanow 86-njy minutda tapawutlandylar. 82-nji minutda Salim Umarowyň meýdançadan çykarylmagy sebäpli duşuşygy azlykda tamamlan Merw toparynyň ýeke-täk goluny 77-nji minutda Abdyresul Abdyýew geçirdi.
Aşgabat köpugurly stadionynyň merkezi meýdançasynda geçirilýän ýaryşda indi iki duşuşyk galdy.Ilki bilen 3-nji orun ugrundaky bäsleşikde Ahal topary bilen Aşgabat topary duşuşar.Soňra bolsa finalda Arkadag topary bilen Şagadam topary 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrunda bäsleşerler. Ýatladyp geçsek, geçen ýyl bu hormatly baýraga Arkadag toparynyň futbolçylary mynasyp bolupdy. Şonda ýaryş Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginde ýokary liganyň alty toparynyň gatnaşmagynda bir tapgyrda geçirilipdi.
