Ahal futbol topary myhmançylykda Merw toparyny, Aşgabat topary bolsa öz meýdançasynda Nebitçi toparyny utdy

Ahal futbol topary myhmançylykda Merw toparyny, Aşgabat topary bolsa öz meýdançasynda Nebitçi toparyny utdy

2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary janköýerlere ýaryş tertibi babatda örän möhüm bäsleşikleri sowgat etdi.Ahal topary myhmançylykda ynamly bäsleşip, üç utugy öz hanasyna ýazdyran bolsa, Aşgabat topary öz meýdançasynda iň pes hasapdaky artykmaçlygyny saklamagy başardy.

Ahal topary bu tapgyrda Maryda Merw toparynyň myhmany boldy.Duşuşygyň birinji ýarymy dartgynly göreşde geçdi we meýdançanyň eýeleri myhmanlaryň hüjümleriniň öňüni şowly almagy başardylar.Emma oýnuň ikinji ýarymynyň başynda Ahal topary Merw toparynyň goragyny böwüsmegi başardy.

Duşuşygyň 52-nji minudynda Süleýman Mirzoýew jerime urgusyny sowukganlylyk bilen amala aşyryp, hasaby açdy.Bu gol Merw toparynyň oýun badyny gowşatdy we 8 minutdan soň Magtymberdy Berenow myhmanlaryň artykmaçlygyny iki esse artdyrdy.

Duşuşygyň ahyryna golaý, ýagny 84-nji minutda Ýakupmuhammet Gowşudow hasaby has-da artdyrdy.Merw topary bolsa oýundan çykmady we bäsleşigiň iň soňky minudynda (90-njy minut) Ezizmämmet Orazmämmedowyň tagallasy bilen abraý goluny urmagy başardy. Şeýlelikde eminleriň jemleýji jürlewük sesi Ahal toparynyň myhmançylykda 3:1 hasabyndaky ynamly ýeňşini hasaba aldy.

Bu şowly ýeňişden soň, ýurdumyzyň wise-çempiony Ahal topary 20 utuk toplap, ýaryş tertibiniň ikinji ornuna galdy we hiç hili utuk ýitirmän, 30 utuk bilen öňde barýan Arkadag toparynyň soňunda ýerleşdi.

Beýleki bir duşuşykda bolsa, Aşgabat topary özüniň Nusaý stadionynda Balkanabadyň Nebitçi toparyny kabul etdi.Meýdançanyň eýeleri oýnuň başynda çalt gol urmagy maksat edindiler we ýalňyşmadylar.Eýýäm 16-njy minutda Nurulla Raimbaýewyň takyk urgusy Aşgabat toparyny 1:0 hasabynda öňe saýlady.

Goluň geçirileninden soň, Nebitçi topary başlangyjy öz eline almaga we hasaby deňlemäge çalyşdy.Oýnuň galan bölegi meýdançanyň her bir künjegi ugrunda tutluşykly we barlyşyksyz göreşde geçdi.Aşgabat topary goranyşda has tertipli oýun görkezip, derwezesini golsuz saklamagy we iň pes ýeňiş hasabyny goramagy başardy.

Yzly-yzyna ikinji ýeňşini gazanan Tofik Şukurowyň şägirtleri 10 utuk bilen altynjy ýerde barýan Nebitçi toparyndan arany 3 utuga çenli gysgaltdylar.Iň köp gol geçiren oýunçylaryň bäsleşiginde ujypsyz üýtgeşmeler boldy.

Bu tapgyrda jerime urgusyny şowly ýerine ýetiren Ahal toparynyň hüjümçisi Süleýman Mirzoýew özüniň 6-njy goluny urdy we şeýlelikde, iň köp gol uranlaryň sanawynyň başyny çekýän Arkadag toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýewden aradaky tapawudy 3 gola çenli azaltdy.

Hüjümçileriň ilkinji üçlügini bolsa 5 gol (2-si jerime urgy) bilen Şagadam toparynyň oýunçysy Serdar Gulyýew jemleýär. Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatyň 11-nji tapgyry 30-njy maýda Aşgabat Merw, Nebitçi Köpetdag, Şagadam Arkadag toparlarynyň duşuşyklary bilen başlar.

Bu tapgyr medallara dalaşgärler bolan Altyn asyr we Ahal toparlarynyň arasyndaky çekeleşikli bäsleşik bilen tamamlanar.

Ýene degişli makalalar

Ahal we Merw toparlary duşuşyklaryň soňky minutlarynda ýeňiş gazandylar
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň futbol çempionatynda Arkadag topary Köpetdag toparyny uly hasap bilen ýeňdi
2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempionatynyň ikinji aýlawy badalga aldy
Arkadag topary öňe saýlandy we Köpetdag bilen Aşgabat toparlary bolsa garaşylmadyk ýagdaýda güýçli toparlary ýeňdiler
Arkadag we Aşgabat toparlary garşydaşlaryny uly hasap bilen ýeňdiler, Nebitçi bolsa Köpetdag toparyndan kynlyk bilen üstün çykdy