Mbappe Ýewropanyň iň güýçli bäş ligasynyň iň netijeli futbolçysy boldy

Mbappe Ýewropanyň iň güýçli bäş ligasynyň iň netijeli futbolçysy boldy

PSŽ-niň hüjümçisi Kilian Mbappe Ýewropanyň iň güýçli bäş çempionatynyň 2022-nji ýyldaky iň netijeli futbolçysy boldy.

24 ýaşly fransiýaly hüjümçi geçen ýyl klublaýyn derejede geçiren 56 duşuşygynda 56 gezek tapawutlandy. Ol 2022-nji ýylda Fransiýanyň Naýbaşy kubogyny gazandy we milli ýygyndy bilen dünýä çempionatynyň finalyna çykdy.

Şeýle hem Mbappe Liga 1-iň geçen möwsüminiň iň gowy oýunçysy boldy. Ol liganyň häzirki möwsüminde hem 15 duşuşykda 13 gezek tapawutlanyp, 2 goluň assistini berdi.

Transfermarkt Mbappe 180 million ýewro baha kesýär.

Ýene degişli makalalar

“FIFA The Best” 2024-iň dalaşgärleri mälim edildi
“The Best FIFA” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
Çempionlar Ligasynda 5-nji tapgyryň iň ökde oýunçysy mälim edildi
“The Best FIFA Awards 2025”-iň ýeňijileri mälim edildi
UEFA Çempionlar Ligasynda arakesme tamamlanýar
PSŽ öňki super ýyldyzyna 55 million ýewro tölemäge borçly edildi
Ýamal iň ökde ýaş futbolçy, Keýn bilen Mbappe baýragy paýlaşdylar