Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde adamlaryň sany 11 müň 100 adamdan geçdi

Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde adamlaryň sany 11 müň 100 adamdan geçdi

Gazadaky hökümet Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 11 müň 100 adamdan geçendigini, şol adamlaryň 8 müňden gowragynyň çagalardan we zenanlardan ybaratdygyny habar berdi.

Gazadaky hökümetiň Metbugat ofisinden berilen ýazmaça beýanatda, hassahanalaryň nyşana alynmagy, ýogalan we ýaralanan adamlaryň girmeklerine böwet bolunmagy sebäpli Saglygy goraýyş ministrliginiň düýn ýogalan we ýaralanan adamlaryň sany bilen baglanşykly anyk görkeziji çap edip bilmändigi mälim edildi.

Beýanatda: "Emma basyp alyjy güýçleriň 1130-den gowrak gyrgynçylyk edendigini, şehit bolanlaryň 8 müňden gowragynyň çagalar we zenanlar bolmak bilen 11 müň 100-den geçendigini, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 28 müňden geçendigini aýan edýäris" diýip habar berildi.

Ysraýylyň goşunynyň gabaw astyndaky Gaza garşy 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümleri dowam edýär.

Al-Aksa telewideniýe kanalynyň Telegram hasabyndan berilen habaryna görä, Ysraýylyň harby uçarlary Gaza şäheriniň merkezinde palestinaly "Nehhale" maşgalasyna degişli öýi bombalady, hüjümde ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygy habar berildi.

Ysraýylyň harby uçarlary Jibaliýede "Beraş", Sahabe köçesinde bolsa "Nehhale" maşgalasyna degişli öýleri bombalady. Hüjümleriň ikisinde-de ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygy mälim edildi.

Han Ýunusuň gündogaryndaky Beni Süheýle sebitinde "Abu Şab" maşgalasyna degişli öýüň nyşana alynyp, hüjüm guralmagy netijesinde 1 çaga ýogaldy, 4 adam bolsa ýaralandy.

Ysraýylyň harby gaýyklary hem Gazanyň merkezindäki kenarýaka zolaklaryna toplar bilen hüjüm gurady.

Gazanyň Nasr etrabynda öz ýerlerinden mahrum bolan adamlaryň ýaşaýan BMG-nyň Galkynyş programmasynyň merkeziniň bombalanandygy, hüjümde ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygy aýan edildi.

Ysraýylyň harby uçarlary Nasr etrapçasyndaky Mehdi çaga dogrulýan hassahanasyny bombalady, 2 lukman ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy.

Beýleki tarapdan Palestinanyň resmi WAFA habarlar agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ysraýylyň Gazanyň demirgazygyndaky Tel-az-Zatar sebitinde palestinaly "Al-Askeri" maşgalasyna degişli öýe guran hüjüminde 9 adam ýogaldy, käbir palestinalylar ýaralandy.

Ýerli habar çeşmeleri Şifa hassahanasynda ýerde takmynan 80 adamyň jesediniň bardygyny we saglygy goraýyş işgärleriniň olara hiç zat edip bilmeýändigini mälim etdi.

Ysraýylyň goşuny Gazanyň demirgazygyndaky Jibaliýe sebitinde ýerleşýän Indoneziýa hassahanasynyň golaýyna hüjüm gurady.

Ýaşaýyş ýerlerine guralan hüjümlerde ýumrulan binalaryň arasynda gözleg we halas ediş işleri geçirilýär.

Harabalyklaryň aşagyndan çykarylan ýogalan we ýaralanan adamlar Indoneziýa hassahanasyna alynyp gidilýär.

Ysraýylyň harby güýçleri Günbatar Şerianyň Tulkerim, Al Halil, Tubas, Nablus we Ramallah şäherleri bilen biri birinden tapawutly etraplarda reýdler geçirdi.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýanata görä Nablus şäheriniň Barka etrabynda reýd geçiren ysraýylly esgerler 1 adamy öldürdi.

Günbatar Şerianyň demirgazygyndaky Tubas şäherinde reýd geçiren Ysraýylyň goşuny 2 palestinalyny ýaralady.

Palestinalylar bilen çaknyşyga giren ysraýylly esgerler Tubas şäherindäki wakalarda 1 palestinalyny göz tussaglygyna aldy.

Ysraýylyň goşuny Barka etrabynda geçiren reýdinde bolsa 4 palestinalyny göz tussaglygyna aldy.

Tulkerim şäherinde geçiren reýdinde bolsa Ysraýylyň goşuny bir Palestinaly maşgalanyň öýüniň girelgesine partlaýjy ýerleşdirip, partlatdy, palestinaly ýaşaýjysyny bolsa göz tussaglygyna aldy.

Ysraýylly esgerler Al Halil şäherinde palestinaly tussagly zenan habarçy-ýazyjy Lema Hatyryň öýünde reýd geçirip, öýdäki zatlara zyýan ýetirdi, Lema Hatyryň ýoldaşy Hazim al-Fahurini bolsa göz tussaglygyna aldy.

Ysraýylyň goşuny Ramallah şäherine degişli etrapçalarda geçiren reýdlerinde hem köp sanda palestinalyny göz tussaglygyna aldy.

Günbatar Şeriada we Iýerusalimde Ysraýylyň harby güýçleri we ýewreý ýaşaýjylar 186 palestinalyny öldürdi.

Hamasyň harby şahasy Kassam topary, 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy "Aksa tupany" ady bilen giň gerimli hüjümler başladypdy.

Ysraýylyň goşuny hem şoňa jogap hökmünde harby uçarlary bilen Gaza sektoryna garşy "Demir Gylyçlar" atly operasiýa başladypdy.

Ysraýyl 7-nji oktýabrdan bäri 38-i Gazanyň içindäki çaknyşyklarda bolmak bilen 354-i harby bolmak bilen jemi 1200 ysraýyllynyň ýogalandygyny, 5 müň 132 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Hamas, Ysraýyla Degişli 100 Ulagy Hatardan Çykardy
Palestinaly Toparlar Ysraýylyň Harby Goşunyna Degişli 21 Ulagy Nyşana Aldy
Gazada Ynsanperwer Kömekleri Halka Paýlanyp Bilinmeýär
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Gazada ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Gaza Sektorynda Öldürlen BMG-nyň Işgärleriniň Sany 189-a Ýetdi