Täjigistan elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrdy

Täjigistan elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrdy

Täjigistan 2021-nji ýylda iki ýurda — Özbegistana we Owganystana iberýän elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrdy.

Barki Tojik döwlet Holding kompaniýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Mahmadumar Asozoda özüniň metbugat ýygnagynda eden çykyşynda: Täjigistan 2021-nji ýylda Owganystanyň we Özbegistanyň Hökümetleri bilen elektrik üpjünçiligi baradaky şertnamalara gol çekdi. - diýip belledi. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda Täjigistandan Owganystana her günde 50 MWt elektrik energiýasy eksport edilýär.

Şu ýylyň aprel aýyndan başlap bolsa, Täjigistandan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny 400 — 450 MWt-a çenli ýokarlandyrmaklyk meýilleşdirilýär.Bu baradaky gürrüňi dowam etdirmeklik bilen, Barki Tojik döwlet Holding kompaniýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Mahmadumar Asozoda:Elektrik energiýasy Owganystana iki sany elektrik geçirijisi — 110 kWt-lyk we 220 kWt-lyk elektrik geçirijileri arkaly eksport edilýär. 110 kWt-lyk elektrik geçirijisi arkaly iberilýän elektrik energiýasynyň bahasy bir kilowatt üçin 3 sent, 220 kWt-lyk elektrik geçirijisi arkaly iberilýän elektrik energiýasynyň bahasy bolsa, bir kilowatt üçin 4,5 sent bolar.

Bu babatda gazanyljak ýyllyk ösüşiň netijesi bolsa 3 göterim ýokarlanar. - diýip nygtady.

Asozodanyň bellemegine görä, Täjigistandan Özbegistana elektrik energiýasy möwsümleýin iberilýär. Iki ýurduň arasynda gazanylan ylalaşygyň netijesinde Täjigistandan Özbegistana 1,5 milliard kWt/sagat elektrik energiýasynyň eksporty göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýatynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan täze elektrik stansiýa gurlar
Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda elektrik çalşygy 1000 MWt çenli ýokarlanar
Türkmenistan bilen Eýran elektrik energiýasynyň alyş-çalşygyny 1000 MWt-a çenli artdyrar
“Türkmenenergo” ýurduň çet gyralarynda Gün elektrik beketlerini gurmagy meýilleşdirýär
Türkmenistanda Gün elektrik beketleriniň depginli gurluşygy meýilleşdirilýär
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlary Jiddedäki sammitde birnäçe başlangyçlary öňe sürdüler
Türk telewideniýe işgärleri türkmen kärdeşlerine täze iş usullaryny öwretdiler, Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şäherçesinde ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň agzalygyna ilkinji saýlawlar geçirildi we bebleki habarlar