DABS kompaniýasy TAP we CASA-1000 taslamalary boýunça işe başlamagy meýilleşdirýär

DABS kompaniýasy TAP we CASA-1000 taslamalary boýunça işe başlamagy meýilleşdirýär

Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasynyň (DABS) resmileri häzirki wagtda kuwwaty 1000 MWt bolan “Merkezi Aziýa-Günorta Aziýa” (CASA-1000) elektrik stansiýasy we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi boýunça taslamalaryň üstünde işlemek üçin tagallalaryň edilýändigini aýtdy. Bu barada “TOLOnews” owgan teleýaýlymy sişenbe güni habar berdi.

DABS kompaniýasynyň hünärmenleriniň ýurduň hökümetiniň metbugat we maglumat merkezinde bolan duşuşygynda kompaniýanyň söwda bölüminiň başlygy Abdul Rahman Rahmani 72 milliard Owganystanyň owganysyna deň bolan 39 sany taslamanyň ýurtda durmuşa geçirilýändigini aýtdy.

Owganystanyň Radio telewideniýesiniň “Twitter” sahypasynda ýaýradan beýanatyna görä, Owganystanyň elektrik energiýa kompaniýasy ýurduň senenamasy boýunça 1444-nji ýylda (2022-nji ýylyň awgust aýyndan 2023-nji ýylyň iýul aýyna çenli) goňşy ýurtlary bolan Özbegistandan, Täjigistandan, Eýrandan we Türkmenistandan elektrik energiýasyny satyn aldy. Türkmenistana takmynan 56 million ABŞ dollary möçberinde töleg geçirildi.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň TOP ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalarynyň müdirliginiň başlygy Myrat Artykow we Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hoja Öwezow bilen Owganystanyň DABS kompaniýasynyň, şeýle hem Türkiýäniň “Çalık” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda 10-njy maýda geçirilen duşuşykda 500 kw bolan “Surhan Puli-Humri” elektrik geçirijisiniň taslamasyna garaldy.

Ýene degişli makalalar

Owganystanyň wekiliýeti ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin Türkmenistana geldi
Türkmenistan we Owganystan energo taslamasy boýunça ylalaşyk gazandylar
Owganystan Türkmenistandan elektrik üpjünçiligini iki esse artdyrmak isleýär
“Türkmenenergo” bilen DABS Hyratdaky podstansiýa elektrik energiýasyny ibermegi maslahatlaşdy
TOP energetika ulgamyndaky derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
Kabulda TOP taslamasy boýunça üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi