Türkmenistan bilen Owganystan Hyrada elektrik energiýasyny ibermegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Owganystan Hyrada elektrik energiýasyny ibermegi maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýeti bilen Owganystanyň DABS energiýa kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda çarşenbe güni Kabulda geçirilen duşuşygyň dowamynda Hyratdaky “Nur-ul-Jahad” podstansiýana türkmen elektrik energiýasyny ibermek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada DABS energiýa kompaniýasynyň “Twitter” sahypasynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyga DABS-yň Baş direktory Alhaj Mula Muhammad Hanif Hamza, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň TOP ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalarynyň müdirliginiň başlygy Myrat Artykow, Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hoja Öwezow we Türkiýäniň “Çalık” kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle-de duşuşygyň barşynda taraplar 500 kw bolan “Surhan - Puli-Humri” elektrik geçirijisiniň taslamasyna garadylar.

“News Central Asia” agentliginiň sişenbe güni habar bermegine görä, 3,2 million ABŞ dollaryna barabar bolan bu elektrik geçiriji taslamasy Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilip, DABS kompaniýasy tarapyndan maliýeleşdiriler.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy we Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy (DABS) şu ýylyň 23-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde 2023-nji ýyl üçin türkmen elektrik energiýasyny Owganystana ibermek boýunça şertnamany uzaltmak barada ylalaşyk baglaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Elektrik üpjünçiligi boýunça türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi
Türkmenistan 2024-nji ýylda Owganystana 1,8 milliard kWt elektrik energiýasyny iberer
Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamanyň möhletini uzaltdy
Kabulda elektrik energiýasynyň eksporty boýunça türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi
Owganystan we Türkmenistan Nur ul-Jihad podstansiýasyny döwrebaplaşdyrmak taslamasyny çaltlaşdyrmak barada ylalaşdy
Kabulda TOP taslamasy boýunça üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi