Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamanyň möhletini uzaltdy

Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamanyň möhletini uzaltdy

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy we Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy (DABS) duşenbe güni Aşgabatda 2023-nji ýyl üçin türkmen elektrik energiýasyny Owganystana ibermek boýunça şertnamany uzaltmak barada ylalaşyk baglaşdylar.

Yalaşyk baglaşmak boýunça karara DABS-yň Baş direktory Alhaj Muhammad Hanif Hamza we “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň başlygy gol çekdiler. Bu barada DABS kompaniýasynyň resmi "Twitter" sahypasynda duşenbe güni habar berildi.

Ylalaşyga gol çekişmek dabarasyna Owganystanyň Energetika we suw serişdeleri ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mullah Abdul Latif Mansur hem gatnaşdy.

Habarda bellenilişi ýaly, gol çekilen ylalaşykda Türkmenistandan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň mukdary we bahasy kesgitlenilýär.

Owganystan Türkmenistandan başga-da Eýrandan, Özbegistandan we Täjigistandan elektrik energiýany import edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan 2024-nji ýylda Owganystana 1,8 milliard kWt elektrik energiýasyny iberer
Türkmenistan bilen Owganystan Hyrada elektrik energiýasyny ibermegi maslahatlaşdy
Elektrik üpjünçiligi boýunça türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi
Kabulda elektrik energiýasynyň eksporty boýunça türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi
Owganystan we Türkmenistan Nur ul-Jihad podstansiýasyny döwrebaplaşdyrmak taslamasyny çaltlaşdyrmak barada ylalaşdy
Kabulda TOP taslamasy boýunça üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi