Kabulda elektrik energiýasynyň eksporty boýunça türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi

Kabulda elektrik energiýasynyň eksporty boýunça türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi

Da Afghanistan Breshna Sherkat kompaniýasy Owganystana baran türkmen wekiliýeti bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde Türkmenistandan import edilýän elektrik energiýasynyň möçberini ep-esli artdyrmak barada ylalaşyk gazanylandygyny mälim etdi. Owgan tarapyndan gepleşiklere kompaniýanyň ýolbaşçysy Alhaj Muhammad Hanif Hamza gatnaşdy. Bu barada Ariananews habar berýär.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda Hyratdaky Nur-ul-Jehad podstansiýasyny elektrik bilen üpjün etmek we Surhan — Puli — Humri elektrik geçiriji liniýasyny gurmak boýunça Owganystandaky taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň gidişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşiklere Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hoja Öwezow we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TAP) ugry boýunça elektrik geçiriji şahasyny gurmagy meýilleşdirýän Calik Holding (Türkiýe) kompaniýasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Owganystan içerki zerurlyklara sarp edilýän elektrik energiýasynyň 80 göterimini Merkezi Aziýa döwletlerinden we Eýrandan import edýär. Şonuň dörtden biri bolsa Türkmenistanyň paýyna düşýär. Gazanylan ylalaşygyň netijesinde bu möçber geljekde has-da ýokarlanar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Owganystan Hyrada elektrik energiýasyny ibermegi maslahatlaşdy
Elektrik üpjünçiligi boýunça türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi
Türkmenistan 2024-nji ýylda Owganystana 1,8 milliard kWt elektrik energiýasyny iberer
Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamanyň möhletini uzaltdy
Kabulda TOP taslamasy boýunça üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
Owganystan we Türkmenistan Nur ul-Jihad podstansiýasyny döwrebaplaşdyrmak taslamasyny çaltlaşdyrmak barada ylalaşdy