Hytaýyň karzy taryhy rekordy täzeledi

Hytaýyň karzy taryhy rekordy täzeledi

Soňky on ýylda Hytaýyň karzy ep-esli ýokarlandy we ýurduň häkimiýetleri üçin çynlakaý meseleleriň birine öwrüldi diýip, Day.Az belleýär. Pekin artýan algy derejesini ykdysady durnuklylyk üçin howp bolup biler diýip hasaplaýar. Soňky ýyllarda ýurt olara garaşlylygyny azaltmaga çalyşdy, ýöne koronawirus çökgünligi sebäpli bu ugurdaky işleri togtatmaly boldy.

Pandemiýa işewürlige düýpli zyýan ýetirdi we şol sebäpli, häkimiýetler kompaniýalar üçin karz almagy ýeňilleşdirmäge mejbur boldular.Netijede, Halkara hasaplaşyk bankynyň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň üçünji çärýeginde karz derejesi JIÖ-iň, takmynan, 290%-ini emele getirmek bilen, taryhy rekordy täzeledi.

Koronawirus çökgünligi döwründe ABŞ, Ýaponiýa, Ýewropa ýurtlary ýaly iri ykdysadyýetler hem şeýle ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldular.Sebäbi häkimiýetler kompaniýalara we adamlara pandemiýa kynçylyklaryndan baş çykarmaga kömek etmeli boldular. Ýöne hytaý karzynyň gurluşy başgaça: JIÖ-iň 160%-den gowragy ABŞ-da we Ýaponiýada bolşy ýaly, hökümet däl-de, korporatiw pudagynyň paýyna düşýär.

Pandemiýadan soň ykdysadyýeti dikeldiş döwründe Hytaý karzy çäklendirmek boýunça tagallalaryna gaýdyp geldi we Barklayc britan bankynyň hünärmenleriniň hasaplamalaryna görä, karz derejesi şu ýylyň ahyryna çenli 2020-nji ýylyň ahyryndaky 13,3% bilen deňeşdirilende, 10-10,5%-e çenli peseler.

Häkimiýetleriň koronawirus çökgünligi döwründe karz almagy ýeňilleşdirmegi sebäpli, ýurduň bank ulgamynyň girdejisi ep-esli azaldy.Hytaýyň bank pudagynyň maliýe görkezijileriniň ýaramazlaşmagy soňky 10 ýylda iň ýokary boldy.

Ýene degişli makalalar

Gyrgystanyň JIÖ-i dört aýda 8,5 göterim artdy
Gyrgyzystanyň JIÖ-i dört aýda 8,5 göterim artdy
Hünärmenler: iň baý 10 adamyň baýlygy Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň 40%-iniň umumy baýlygyndan ýokarydyr
Türkiýäniň JIÖ-i birinji çärýekde 7,3 göterim ösüş görkezdi
2022-nji ýylyň bäş aýynda Azerbaýjanyň JIÖ-i 7 göterimden geçdi
Ministrler Kabineti: S.Berdimuhamedow JIÖ-niň ösüşini saklamagy, täze uçar gatnawlaryny ýola goýmagy we 2023-nji ýyl üçin şygar seçmegi buýurdy
Türkmenistan halkara uçuşlaryň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär, Aşgabadyň Baş baýdak meýdançasynda abatlaýyş işleri geçiriler, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Demirgazyk Marian Adalaryndan üstün çykdy