Türkmenistan halkara uçuşlaryň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär, Aşgabadyň Baş baýdak meýdançasynda abatlaýyş işleri geçiriler, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Demirgazyk Marian Adalaryndan üstün çykdy

Türkmenistan halkara uçuşlaryň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär, Aşgabadyň Baş baýdak meýdançasynda abatlaýyş işleri geçiriler, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Demirgazyk Marian Adalaryndan üstün çykdy

1. Türkmenistan halkara howa gatnawlary boýunça uçuşlaryň we ugurlaryň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Ýakyn günlerde degişli teklip taýýarlanar we Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlener.

2.Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Baş baýdak meýdançasynda abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça bäsleşik yglan etdi.Meýdançanyň açylyş dabarasy 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda geçirilipdi.Bu ýerde 133 metrlik baýdak sütüni (flagştok) oturdylyp, onda 420 kilogram agramy bolan Türkmenistanyň baýdagy parlaýar. 3.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Täze jahandan (Из Нового Света) atly konsert geçiriler.Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda, Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde çeh kompozitory Antonin Dworžakyň iň meşhur eserleri ýaňlanar. 4. 2022-nji ýylyň sekiz aýynyň jemi boýunça Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüşi 6,2% derejesinde saklanýar. Ýurdumyzda senagat we jemgyýetçilik ugurly iri desgalaryň gurluşygy dowam edýär.

Olaryň hatarynda täze obalar, ýaşaýyş jaýlary, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, mekdepler, çagalar baglary we köp sanly beýleki desgalar bar. 5.Belarus konstruktorlary ilkinji sport elektromobilini tanyşdyrdylar.Elektrikleşdirilen ulagyň agramy 1 tonnadan gowrakdyr.

Ol 120 km/sag tizlige çenli ýetmäge ukyplydyr.Onuň geçip bilýän aralygy takmynan 200 kilometrdir.

6. Hytaýly hoz toplaýjy dolandyryşyny ýitiren wodorod howa şarynda iki gün geçirdi. Hu atly adam howa şarynda şärigi bilen kedr hozlaryny topalaýrdy, birdenkä güýçli ýel sebäpli şar ýokary galyp başlady. Toplaýjylaryň biri bökmäge ýetişdi, Hu bolsa sebediň içinde galdy.

7. 2024-nji ýyldan başlap, Niderlandlaryň Harlem şäherinde jemgyýetçilik ýerlerinde eti mahabatlandyrmak gadagan ediler.Et öndürijiler önümlerini awtobuslarda, duralgalarda we Harlemiň jemgyýetçilik ýerlerindäki diwarlyklarda mahabatlandyryp bilmezler. Şeýle-de 2024-nji ýyldan başlap, benzin we dizlen ýangyjy bilen işleýän awtoulaglary hem mahabatlandyrmak gadagan ediler. 8.

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň Kubogy 2023-e gatnaşmak üçin saýlama duşuşygynda Demirgazyk Marian Adalarynyň toparyndan uly hasap bilen üstün çykdy.D toparçanyň duşuşygy Ammandaky Petra stadionynda geçirildi we Seýit Seýidowyň toparynyň peýdasyna 7:0 hasabynda tamamlandy. 9.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen Dohada (Katar) duşuşdy.Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda futboluň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.Infantino Türkmenistana gelip görmäge isleg bildirdi. 10.

Türkmenistanyň Gylyşlaşmak federasiýasy gylyçlaşmak toparlaryna 6 ýaşdan çagalaryň kabul ediljekdigini yglan etdi.Türgenleşikler Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki köpugurly toplumda hepdede 3 gezek geçiriler.Gyzyklandyrýan sowllaryňyz boýunça anyk maglumat almak üçin telefon belgisi: (+993 64) 46 78 03.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Demirgazyk Marian adalaryny jogapsyz 7 pökgi bilen ýeňdi
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky ikinji duşuşygyny Iordaniýanyň ýygyndysy bilen geçirer
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Demirgazyk Marian adalary bilen boljak duşuuşykdan ozal türgenleşik geçdi
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Demirgazyk Marian adalary bilen boljak duşuşykdan ozal türgenleşik geçdi
Stoltenberg Ertir Türkiýä Sapara Geler
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler