Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Lýuksemburgy Dünýä çempionatynyň ikinji tapgyrynda Lýuksemburgy ýeňdi

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Lýuksemburgy Dünýä çempionatynyň ikinji tapgyrynda Lýuksemburgy ýeňdi

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Dünýä çempionatynyň üçünji diwiziýonynyň A toparçasyndan orun alan oýunda Lýuksemburgy ýeňlişe sezewar etdi. Şu gün Keýptaun şäherinde geçirilen oýun 4:1 hasabynda türkmen hokkeýçileriniň peýdasyna tamamlandy.

Türkmenistanyň ýygyndysyna ýeňiş getiren şaýbalar Arslan Nuryýew (8-nji minut), Pawel Barkowskiý (28), Arslan Geldimyradow (31) we Döwlet Hydyrow (37) tarapyndan geçirildi. Lýuksemburgyň düzüminde bolsa Kolm Kennon (32) tapawutlandy.

Ýeri gelende bellesek, Dünýä çempionatynyň ikinji diwiziýonynyň B toparçana beriljek ýollanma üçin 5 topar: Lýuksemburg, Taýland, Taýwan, Türkmenistan hem-de GAR göreş alyp barýar.

Türkmenistanyň ýygyndysy GAR-da geçirilýän Dünýä çempionatynyň çäginde ikinji oýnuny geçirdi. Türkmenistan birinji tapgyrda ýer eýesi GAR-dan 6:9 hasabynda asgyn geldi.

20-nji aprelde Baýram Allaýarowyň şägirtleri Taýland bilen güýç synanyşar. Türkmen hokkeýçileri ýaryşy 23-nji aprelde Taýwana garşy geçjek oýun bilen jemlärler.

Ýeri gelende bellesek, şu wagta çenli türkmen hokkeýçileri dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynyň A toparçasynda iki gezek bürünç medala mynasyp boldular. Soňky gezek şeýle üstünlik geçen ýyl Lýuksemburgda geçen ýaryşda hasaba alnypdy.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň oýunlarynyň tertibi:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň 18 ýaşa çenli hokkeý boýunça ýygyndy topary Saraýewoda geçirilýän dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygynda Günorta Afrika Respublikasynyň toparyny utdy
Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Bişkekde geçirilýän dünýä çempionatynda Günorta Afrikany utdy
Paragwaýyň täze Prezidenti wezipesine girişdi
Türkiyäniň deňiz balykgulak eksporty artdy
Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndan öň Hytaýda OTÝ geçer
Tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde 20 müňden gowrak çaga dynç aldy, Türkmenistanyň Prezidenti daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmegi tabşyrdy we beýleki habarlar
Türkmen mekdep okuwçylaryna ýurduň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat berler, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipä bellendi we beýleki habarlar