Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy (U-23) Aziýa Kubogy — 2024-iň saýlama tapgyryna girişýär

Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy (U-23) Aziýa Kubogy — 2024-iň saýlama tapgyryna girişýär

K toparçadan orun alan futbol boýunça Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy (U-23) Aziýa Kubogy — 2024-iň saýlama tapgyryna girişýär.

Ahmet Agamyradowyň şagirtleri saýlama tapgyryna şu gün — 6-njy sentýabrda Taýwan bilen boljak oýun arkaly başlarlar. Oýun Indoneziýada bolup geçer. 12-nji sentýabrda bolsa türkmenistanly futbolçylar saýlama tapgyrynyň K toparçasynyň oýunlaryny özünde kabul edýän Indoneziýa bilen duşuşarlar.

Ýeri gelende bellesek, 23 ýaşa çenli bolan olimpiýa ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek Aziýa Kubogy — 2024-iň saýlama tapgyryna bije arkaly 11 toparça bölünen 43 ýygyndy gatnaşýar. Toparçalaryň ýeňijileri we ikinji orny eýelän toparlaryň iň gowy netije görkezen dördüsi 2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde başlanyp, 3-nji maýyna çenli dowam etjek Aziýa Kubogy — 2024-iň final tapgyryna ýollanma alarlar.

Aziýa Kubogy — 2024-iň saýlama tapgyry (U-23)

K toparça

1-nji tapgyr. 6-njy sentýabr (çarşenbe)

Ýene degişli makalalar

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndan öň Hytaýda OTÝ geçer
Tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde 20 müňden gowrak çaga dynç aldy, Türkmenistanyň Prezidenti daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmegi tabşyrdy we beýleki habarlar
Türkmen mekdep okuwçylaryna ýurduň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat berler, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipä bellendi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşyklaryna Aşgabatda taýýarlanýar
Türkmenistanyň futbol boýunça Olimpiýa ýygyndysy Aziýanyň kubogy — 2024-iň saýlama tapgyrynda Taýwany uly hasap bilen ýeňdi
Aşgabatda döwlet bagşyçylyk bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 3,5 müň maşgala üçin şäherçeler gurulýar, Apple iPhone 15 nesline degişli smartfonlaryny tanyşdyrdy we beýleki habarlar