Türkmenistanyň futbol boýunça Olimpiýa ýygyndysy Aziýanyň kubogy — 2024-iň saýlama tapgyrynda Taýwany uly hasap bilen ýeňdi

Türkmenistanyň futbol boýunça Olimpiýa ýygyndysy Aziýanyň kubogy — 2024-iň saýlama tapgyrynda Taýwany uly hasap bilen ýeňdi

Türkmenistanyň futbol boýunça Olimpiýa ýygyndysy Aziýanyň kubogy — 2024-iň saýlama tapgyryna diýseň üstünlikli başlady. Türkmenistanly futbolçylar Indoneziýanyň Surakarta şäherinde geçirilen duşuşykda Taýwanyň ýygyndysyny 4:0 hasabynda ýeňip, yklym ýaryşynyň final tapgyryna çykmak üçin uly mümkinçilik gazandylar.

Duşuşykda türkmen ýygyndysynyň gollarynyň üçüsini Aşgabadyň Köpetdagynyň hüjümçisi Şamämmet Hydyrow geçirdi. Dördünji pökgini bolsa Altyn asyryň wekili Nurmyrat Rozyýew öz adyna ýazdyrmagy başardy.

Tälimçi Ahmet Agamyradowyň şägirtleri saýlama tapgyryň K toparçasynda ýaryşýar. Olaryň indiki duşuşygy 12-nji sentýabrda Indoneziýanyň ýaşlar ýygyndysy bilen bolar. Edil häzir türkmenistanly futbolçylar 3 utuk bilen toparçanyň başyny çekýärler.

Yklym ýaryşynyň final tapgyry geljek ýylyň 15-nji aprelinden 3-nji maýyna çenli Katarda geçiriler. Saýlama tapgyry emele getirýän 11 toparçanyň ýeňijileri we ikinji orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy dördüsi yklym ýaryşynda çykyş etmäge hukuk gazanar.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň geçen ýyl Özbegistanda geçirilen yklym çempionatynda hem üstünlikli çykyş edendigini ýatladýarys.Ahmet Agamyradowyň şägirtleri türkmen futbolunyň taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň kubogynyň çärýek finalyna çenli çykyp bilipdiler.

Gazanylýan bu üstünliklerde olar üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň uly paýy bar. Şu gezekki möhüm duşuşyklardan öň Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndysyna Hytaýda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirip, halkara ýoldaşlyk duşuşyklarynda güýjüni synamak üçin şert döredildi.

Olar bu günki üstünligiň ilkinji buşlugyny şol ýoldaşlyk duşuşyklaryndaky ýeňişler bilen hem berdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň täze prokuroryny wezipesine belledi, Russiýanyň sirk artistleri Türkmenistandaky saparyny Balkanabatdaky çykyşlary bilen tamamlarlar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Futzal boýunça Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bijeleriniň haçan çekiljekdigi belli boldy
Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysynyň indiki garşydaşy Indoneziýa 9:0 hasabynda ýeňiş gazandy
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýa kubogy — 2022-niň saýlama tapgyrynda ýeňiş gazandy
Ahmet Agamyradow futbol boýunça Aziýa kubogynyň saýlama tapgyryna gatnaşjak Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň düzümini kesgitledi