Türkmen mekdep okuwçylaryna ýurduň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat berler, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipä bellendi we beýleki habarlar

Türkmen mekdep okuwçylaryna ýurduň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat berler, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipä bellendi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar gününde ähli orta mekdepleriň birinji synpyna okuwa gelen çagalara ýurduň Prezidentiniň adyndan kompýuterler sowgat berler.Bilimli haryt nyşanly kompýuterler Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülendir.

Olar kuwwatly prosessor, sygymy uly operatiw ýat we çalt grafika bilen enjamlaşdyrylandyr.Mundan başga-da, kompýuterlerde türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeterli bolan 11 sany bilim maksatnamalary oturdylandyr.

2. Gismet Fizulioglu Gezalow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Degişli Buýruga Prezident Ilham Aliýew gol çekdi. Gezalow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinde 2015-nji ýylyň 23-nji dekaryndan bäri bu ýurtda Azerbaýjanyň diplomatik wekilhanasyna ýolbaşçylyk edip gelen Gasan Soltanoglu Zeýnalowyň ornuna geçdi.

3. Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Şu gün Aleksandr Lukaşenkonyň 69 ýaşy doldy.

4.Türkmenistanyň DIM-de bu ýurtda diplomatik işini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşyk geçirildi diýip, türkmen daşary syýasat edarasy habar berýär.Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow ikitaraplaýyn görnüşde we Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi formatynyň çäklerinde netijeli özara gatnaşyklar barada nygtap, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin ÝB-niň ilçisine hoşallyk bildirdi.

5. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesi bilen Täze zaman ýaşaýyş toplumyna barýan awtomobil ýolunyň kesişýän ýerinde täze awtomobil köprüsiniň taslamasyny taýýarlamak we gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär. Bäsleşik Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň buýurmasy esasynda geçirilýär.

6. Türkmenistanly ýaş şahyr, Ýaşlar baýragynyň eýesi Ysmaýyl Muhammetdurdyýew her ýyl Türkiýede geçirilýän Altyn Kalemler (Altyn galamlar) halkara edebiýat bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ysmaýyl Muhammetdurdyýewiň Ilki Watan atly eseri şygryýet pudagynda degişli baýrak bilen sylaglandy. Şygryýet bäsleşigine dürli ýurtlardan jemi 50-den gowrak awtor gatnaşdy.

Dünýäde

7. Rossiýa awiakompaniýasy 30-njy sentýabrdan başlap, Sankt-Peterburg bilen Dubaýyň arasynda gündelik uçuşlary ýola goýar. Uçuşlar 128 ýolagça niýetlenen Airbus-319 uçarlarynda amala aşyrylar. Uçuşyň dowamlylygy 5 sagat 50 minut töweregi wagt alar.

8.Rentgen barlaglarynyň netijesinde fransuz buldogynyň aşgazanynda 11 sany rezin ördejik ýüze çykaryldy.Itiň eýesi toplumyndaky (kolleksiýasyndaky) rezin ördejikler ýitip başlanda, ýaramaz bir ýagdaýyň badygyna düşündi.Ol itini weterinara görkezmek kararyna geldi we barlag wagtynda ýitirim bolan oýunjaklar tapyldy.

Buldog derrew operasiýa edildi we iýlen ördejikleriň hemmesi çykaryldy.Rezin oýunjaklar öý haýwanlary üçin howply bolup biler diýip, weterinar lukmanlary duýdurýarlar.

Sport habarlary

9.Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U23) Hytaýyň Dalýan şäherinde geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda hytaýly garşydaşlaryndan 2:0 hasabynda üstün çykdylar.Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygynda Aziýanyň Kubogy 2024-iň saýlama tapgyryna taýýarlyk görýän türkmen toparynyň düzümine Türkmenistanyň çempionatyna wekilçilik edýän futbolçylaryň 23-si çagyryldy. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan K toparçada Indoneziýa hem-de Taýwan bilen duşuşar.

Duşuşyklar 6 12-nji sentýabr aralygynda Indoneziýada geçiriler.

10.Moskwada 14 ýaşa çenli ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasynda geçirilen halkara küşt ýaryşy tamamlandy. 13 ýaşly türkmen küştçüsi Mähri Agamyradowa gyzlaryň arasynda ikinji orny eýeledi.Mähri Agamyradowa zehinli küştçi gyz.

Ol şu ýyl 14 ýaşa çenli we 13 ýaşa çenli ýaş derejelerinde Türkmenistanyň çempiony diýen ada mynasyp boldy, şeýle hem mekdep okuwçylarynyň arasynda Aziýa çempionatynda iki gezek kümüş medal gazandy.

Mähriniň tälimçisi Moskwada ýaş küştçiniň ýanynda bolan Oguljan Reýimowadyr.

11.Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow rezidensiýasynda Ispaniýanyň Barselona futbol toparynyň prezidenti Žoan Laportany kabul etdi. Žaparow baý taryhy bolan we millionlarça janköýer tarapyndan söýülýän meşhur toparyň wekilleriniň Gyrgyzystana gelmegine hoşaldygyny beýan etdi. Şeýle hem Prezident Gyrgyzystanda Merkezi Aziýada Barselonanyň ilkinji akademiýasynyň açylmagynyň milli ýygyndynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, syýahatçylygyň, sportyň, maýa goýumlarynyň we Respublikanyň ykdysadyýetiniň beýleki pudaklarynyň ösüşine oňyn täsir etjekdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenabatly küştçi Moskwada geçirilen halkara ýaryşda kümüş medal eýeledi
Bedew waspy
Lebapdaky mekdepde Durnalar güni bellenildi
Ygalyň görnüşleri
“Time” žurnaly iň gowulary saýlady