Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndan öň Hytaýda OTÝ geçer

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndan öň Hytaýda OTÝ geçer

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygynda 2024-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklarynyň öňüsyrasy Hytaýyň Dalian şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy okuw ýygnanyşygynyň dowamynda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, ýygyndy toparyň tälimçiler düzümi saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna gatnaşmak üçin milli ligalarda çykyş edýän futbolçylaryň 23-sini çagyrandyklaryny bellemek gerek.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň K toparçasynda Indoneziýanyň hem-de Taýwanyň ýygyndy toparlary bilen duşuşar. K toparçanyň duşuşyklary 6 ― 12-nji sentýabr aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Indoneziýada geçiriler.

Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2024-nji ýylda Katar döwletinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Paragwaýyň täze Prezidenti wezipesine girişdi
Türkiyäniň deňiz balykgulak eksporty artdy
Tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde 20 müňden gowrak çaga dynç aldy, Türkmenistanyň Prezidenti daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmegi tabşyrdy we beýleki habarlar
Türkmen mekdep okuwçylaryna ýurduň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat berler, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipä bellendi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşyklaryna Aşgabatda taýýarlanýar
Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy (U-23) Aziýa Kubogy — 2024-iň saýlama tapgyryna girişýär