Aşgabatda döwlet bagşyçylyk bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 3,5 müň maşgala üçin şäherçeler gurulýar, Apple iPhone 15 nesline degişli smartfonlaryny tanyşdyrdy we beýleki habarlar

Aşgabatda döwlet bagşyçylyk bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 3,5 müň maşgala üçin şäherçeler gurulýar, Apple iPhone 15 nesline degişli smartfonlaryny tanyşdyrdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa 18 35 ýaş aralygyndaky türkmenistanlylar gatnaşdylar. Jemleýji tapgyra welaýatlardan we Aşgabat şäherinden 12 sany dutarçy we şonça bagşy çykdy. Ähli dabara gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmegindäki 2023-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar atly aýdym döredijilik bäsleşiginiň ajaýyp jemlemesine öwrüldi.

2. Türkmenistanyň Gündogar sebitinde Lebap welaýatynyň Kerki, Halaç, Saýat we Çärjew etraplarynda täze şäherçeleriň gurluşygy alnyp barylýar. Täze şäherçeler 3,5 müň maşgalany ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün eder. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde Lebap welaýaty 10-dan gowrak hassahana, 40 saglyk öýi, 17 sany medeniýet öýi, 30 sport mekdebi we 15 sany hem sport desgasy guruldy.

3.Aşgabatda 2023-nji ýylyň 25 27-nji oktýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 (OGT2023) halkara maslahat we sergi eýýäm 20 ýurtdan 150-den gowrak wekiliň ünsüni çekdi.

Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylary bar.Maslahatda Türkmenistanyň ýangyç we energetika toplumyndaky täze maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrylar.Bu taslamalar ägirt uly Galkynyş gaz känini işlemegiň mundan beýläkki tapgyrlaryny, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny, taba gelen ýataklarda nebit we gaz çykarylyşynyň iň amatly ýoluny ulanmagy, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýalpaklaryny peýdalanmagy, şeýle hem gaýtadan dikeldip bolýan energetika taslamalaryny öz içine alýar.

Maslahat adaty hem-de onlaýn görnüşlerinde geçiriler.Guramaçylar ähli hasaba alnan wekilleriň wiza goldawyny üpjün ederler.Gatnaşmak üçin hasaba alyş işleri 2023-nji ýylyň 16-njy oktýabryna çenli açykdyr.

4.Türkmenistanyň halk artisti Gülşat Gurdowa, aýdymçy Züleýha Kakaýewa, Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň artisti Guwanç Ýazmämmedow, şeýle hem Näzli we Laçyn tans toparlary Täjigistanyň Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertinde ýurda wekilçilik ederler.

Konsert 14-15-nji sentýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäginde geçiriler. Şeýle-de bu sammit bilen ugurdaşlykda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisi hem-de beýleki ýokary derejeli duşuşyklar geçiriler.

Dünýäde

5.Apple korporasiýasy her ýylda guralýan güýzki tanyşdyrylyş dabarasynda bu gezek iPhone 15 nesline degişli smartfonlaryny we beýleki täze enjamlaryny tanyşdyrdy.Smartfon geçen ýylky iPhone 14 Pro-daky ýaly Dynamic Island ekranynyň ýokarsynda kesişine eýedir.

iPhone 15 iki ululykda 6,1 we 6,7 dýuýmlyk ekran bilen; bäş reňkde: gülgüne, gara, ak, sary we açyk ýaşyl reňklerde öndüriler.Smartfonyň korpusy alýuminden ýasalyp, gyralary tegelek şekildedir, öň we arka taraplarynda aýna oturdylandyr.

Smartfonda iki kamera bar adaty we ultra giň burçly.Esasy kamera 48 megapiksel durulykda we sanly iki esse ýakynlaşdyrmak mümkinçiligini goldaýar. Şeýle kamera eýýäm iPhone 14 Pro-da görkezilipdi.

Syzdyrmalarda bellenilişi ýaly, smartfon indi USB-C porty arkaly zarýad alýar. Şeýlelikde, indi iPhone, iPad we Macbook enjamlaryna şol bir geçiriji bilen zarýad bermek mümkindir.iPhone 15-iň bahasy 799 dollar, has uly ekrany bolan iPhone 15 Plus-yň bahasy bolsa 899 dollara deň.

6. Tatarystanyň UVT Aero awiakompaniýasy Kazandan Samarkanda yzygiderli gatnawlary ýola goýar. Uçuşlar şu ýylyň 24-nji sentýabrynda başlanyp, ýekşenbe günleri amala aşyrylar. Uçuş üç sagat dowam eder. Air Marakanda-nyň wekilleri Samarkand bilen Kazanyň arasynda yzygiderli gatnawlaryň ýola goýulmagynyň özbek-rus ykdysady we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny pugtalandyrjakdygyny nygtady.

Sport habarlary

7. Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda Bahreýniň topary bilen deňme-deň oýnady. Duşuşyk Dubaýda geçirildi we 1:1 hasabynda tamamlandy. Duşuşygyň ilkinji pökgüsini 13-nji minutda Bahreýniň ýarymgoragçysy Mohamed Marhun tora girizdi. 29-njy minutda türkmen goragçysy Teýmur Çaryýew hasaby deňledi. Bu Teýmuryň Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde geçiren ilkinji goly boldy.

8. Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy olimpiýa toparlarynyň arasynda Aziýanyň kubogy — 2024-iň saýlama tapgyrynda çykyşyny tamamlady. Topardan çykmak üçin aýgytly duşuşykda türkmen futbolçylary myhmançylykda Indoneziýanyň ýaşlar ýygyndysyndan 0:2 hasabynda asgyn geldiler. Ahmet Agamyradowyň şägirtleri saýlama ýaryşdaky ilkinji duşuşygynda Taýwandan 4:0 hasabynda üstün çykdylar, emma bu ýaryşyň final tapgyryna çykmak üçin ýeterlik bolmady.

Ýene degişli makalalar

Iň köp satylan smartfonlar mälim edildi
The Information: Apple iPhone 14 Plus-yň önümçiligini azaldýar
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa iş sapary başlandy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ispaniýanyň täze ilçisi bilen duşuşyk geçirildi we beýleki habarlar
Apple iPhone 14 smartfonyny çykardy
Höwesjeň altyn almak üçin 200 smartfony sökdi
Xiaomi özüniň ilkinji 200 megapiksellik smartfonyny bildiriş etdi