Telefony aşa gyzmakdan goramak üçin näme etmeli?

Yssy howanyň dowam edýän şu günlerinde kähalatlarda telefonymyz aşa derejede gyzyp bilýär. Şeýle ýagdaýda käbir telefonlaryň ekranynda bu barada bildiriş hem peýda bolýar.Bilermenleriň bellemeklerine görä, telefonlar işlän wagty gyzgynlyk emele gelýär.

Telefonyň gyzgynlygy belli bir derejeden geçende, zeper ýetmezlik üçin işleýşi awtomat ýagdaýda peselýär.Adatça, telefonlar 35 derejä çenli temperaturada işlemäge niýetlenen bolýar.Enjamyň energiýa çeşmesi bolan batareýanyň gyzmagy bolsa onuň zarýadynyň hem has çalt gutarmagyna getirýär.

Eger duran ýeriňiz ýagty bolsa, smartfonyň ekranynyň ýagtylygy hem ýokarlanýar.Bu ýagdaý hem has köp energiýa talap edip, enjamyň zarýadynyň adatdakydan has köp azalmagyna getirýär.

Eýsem, telefonyň gyzmagynyň öňüni almak üçin näme etmeli?

Telefona gönüden-göni Gün şöhlesiniň düşmeginiň öňüni almaly. Eger ulagly bolsaňyz, Gün şöhlesi düşýän ýerde goýlan telefon has köp gyzyp bilýär. Sebäbi, ulagyň aýnasy şöhläni has gyzdyryp geçirýär.

Yssy howada telefonyň birnäçe programmasyny birwagtda işletmekden saklanyň! Ulanmaýan programmalaryňyzy öçürip goýuň! Näçe az programma ulansaňyz, telefonyňyz şonça-da az energiýa sarp edýär. Telefony az energiýa sarp edýän düzgünde işlediň. Eger aşa gyzan bolsa, telefony öçürip, birnäçe minutdan açyp bilersiňiz.

Smartfony sowatmak üçin sowadyja goýmak maslahat berilmeýär. Sebäbi, enjamyň gyzgynlygynyň birden sowamagy oňa zeper ýetirip biler.

Eger yssy howada daşarda gezmeli bolýan bolsaňyz, telefonyňyzy jübüňizde däl-de, ýörite ýantorbada göteriň. Sebäbi jübüde duran telefon adam bedeniniň temperaturasy bilen has köp gyzýar.

Ýene degişli makalalar

Braziliýada Yssy Howa Rekord Derejede
Medinede güýçli çabga ýagdy
Ýaponiýada yssa garşy göreşmek üçin enjamlary oýlap tapdylar
Serginlediji barada
Yssy howada hassahanalara ýüz tutýan polisiýa işgärleri köpelýär
Yssy howa dowam edýär, ilat arasynda saglyk şikaýatlary köpelýär