Smartfonyň işini tizleşdirmegiň usullary agzaldy

Smartfonyň işini tizleşdirmegiň usullary agzaldy

Eger smartfonyň ýady yzygiderli arassalap durulsa, ol has çalt işlär. Bu barada Russiýanyň Megafon kompaniýasynyň işgäri Aleksandr Jakoniýanyň sözlerine salgylanýan RIA Nowosti ýazýar.

Hünärmen munuň üçin enjamyň sazlama bölümindäki keşleri her aýda arassalamagy maslahat berip: Telefonyň sazlamasyndaky we brauzerdäki keşleri arassalamak ýeterlikdir, netijede boş ýadyň möçberi artar diýdi.

Enjamyň işiniň tizligine şeýle hem onda gurnalan priloženiýalar täsir edýär, munuň üçin awtotäzeleýşi öçürmek we priloženiýalary ulanylandan soňra ýapmak gerek diýip, hünärmen belleýär.

Içki ýady arassalamak üçin foto we wideofaýllary bulut ulgamyna ýa-da kompýutere geçirmek gerek. Eger bu-da kömek etmese, onda möhüm maglumatlary beýleki saklawhanalara geçirip, sazlamalary zawod sazlamalaryna çenli aýyrmak gerek.

Bu enjamyň ýadyny doly arassalar diýip, hünärmen aýdýar.

Ýene degişli makalalar

Russiýaly kosmonawt Halkara kosmos bekedinde nämäni küýseýändigini gürrüň berdi
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Dünýäde iň bagtly ýurt belli boldy
Russiýa G20-ligiň iň çalt ösýän ýurtlarynyň sanawyna girdi
Türk syýasatçysy baýramçylyk wagty balkon ýykylyp heläk boldy
Amerikadaky Azatlyk diňine ýyldyrym düşdi