Iň köp satylan smartfonlar mälim edildi

“Canalys” maglumat maslahat beriş kompaniýasy şu ýylyň birinji çärýeginde iň köp satylan smartfonlary mälim etdi.Sanawa diňe ýokary hilli “akylly” telefonlar girizilipdir.Sanawyň başyny “Apple” kompaniýasynyň telefonlary çekýär.

Birinji ýerde “iPhone 14 Pro Max” bar.Ikinji orunda “iPhone 14 Pro”, üçünji orunda “iPhone 14” hem-de “iPhone 13” bar.Kompaniýanyň esasy bäsdeşli “Samsung”-yň “Galaxy S23 Ultra” smartfony dördünji orny eýeläpdir.

Soňra bolsa degişlilikde, “iPhone 14 Plus”, “Galaxy S23”, “iPhone 12”, “Galaxy S23 Plus”, “Galaxy Z Flip 4” we “iPhone SE” bar.

Sanawyň on üçünji ornunda “Xiaomi 13” bar.

“iPhone” smartfonlary mundan ozalky sanawlarda hem hemişe diýen ýaly öňdäki orunlary eýeleýär. 2022-nji ýyldaky sanawda “iPhone 13” iň köp satylan smartfon bolupdy.

Smartfon, telewizor, kompýuýuter we beýleki mobil enjamlary öndürýän “Apple” hödürleýän hyzmatlaryndan hem has köp girdeji gazanýar. Amerikan kompaniýasynyň esasy girdeji çeşmesi bu enjamlar üçin niýetlenen mobil goşundylar we beýleki hyzmatlar bolup durýar.

Ýokary hilli smartfon satuwynda “Apple” birinji hem bolsa, ähli smartfonlar hasaba alnanda “Samsung” köp ýyldan bäri öňdeligi eýeleýär. Sebäbi koreý brendi has köp görnüşli telefon öndürip, has köp müşderini özüne çekýär.

Baýramgeldi Jommanow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

2023-nji ýylyň garaşylýan smartfonlary
Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
"Apple” täze “iPhone 15” smartfonlary bilen tanyşdyrdy
Belgiýanyň Challenge Airlines awiakompaniýasy Aşgabatda gonup geçmek bilen ýük gatnawlaryny amala aşyryp başlady, Türkmen mekdep okuwçylary TURKSOÝ bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldylar we beýleki habarlar
Aşgabatda döwlet bagşyçylyk bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 3,5 müň maşgala üçin şäherçeler gurulýar, Apple iPhone 15 nesline degişli smartfonlaryny tanyşdyrdy we beýleki habarlar
Taryhda iň köp satylan ykjam telefon belli boldy