"Apple” täze “iPhone 15” smartfonlary bilen tanyşdyrdy

"Apple” täze “iPhone 15” smartfonlary bilen tanyşdyrdy

“Apple” kompaniýasy sişenbe güni özüniň täze “iPhone 15” smartfonlarynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi. Amerikan kompaniýasy täze modellere uly üýtgeşmeleri, şol sanda USB-C zarýad portuny girizdi.

Iň uly özgerişler esasan “iPhone 15 Pro” we “iPhone 15 Pro Max” modelli smartfonlaryna girizilip, “iPhone 15” we “iPhone 15 Plus” modelleri geçen ýylky “iPhone 14 Pro” önümleriniň tehnologiki aýratynlyklary bilen satuwa çykarylar.

Täze smartfon modelleriniň ählisindäki iň uly üýtgetmeleriň biri USB-C zarýad portunyň barlgydyr. Şeýle hem, bu zarýad porty täze “AirPods Pro” gulaklyklaryna girizildi. Netijede ulanyjylar özleriniň “iPhone” smartfonlary bilen gulaklyklara zarýad bermek mümkinçiligine eýe boldy.

“iPhone 15 Pro” we “iPhone 15 Pro Max” telefonlarynyň çarçuwasy titandan bolup, olar “Apple” kompaniýasynyň häzire çenli öndüren “Pro” modelleriniň iň ýeňilidir. Täze “Pro” modellerinde “Apple” çep tarapda ýerleşen sesi ýatyrmak düwmesini hem üýtgetdi. Ulanyjylar täze düwmä öz islegine görä amal, şol sanda kamerany açmak ýa-da ses ýazdyryp başlamak ýaly hereketleri girizilip bilerler.

“Pro” modelleri 48 megapiksellik esasy kameraly täze, has dury surat düşürmäge ukuply ulgama eýedirler. Şeýle hem, olar has çalt işleýän “A17” çipleri bilen öndüriler. “Apple” kompaniýasynyň aýtmagyna görä, bu çipler akylly telefonlaryň prosessorlarynyň arasynda iň güýçlüsidir.

“iPhone 15” modellerinde geçen ýylky “Pro” modellerdäki “A16 Bionic” prosessorlary oturdylyp, täze çykan akylly telefonlaryň has kämil surata almak aýratynlygy bardyr.

“iPhone 15” smartfony 799 ABŞ dollaryndan, “iPhone 15 Plus” 899 ABŞ dollaryndan, “iPhone 15 Pro” 999 ABŞ dollaryndan we “iPhone 15 Pro Max” 1199 ABŞ dollaryndan satylyp başlanar. “Apple” kompaniýasynyň täze smartfonlary 22-nji sentýabrdan başlap satuwa çykarylar.

Şeýle-de kompaniýa täze “AirPods Pro” we akylly sagatlary “Apple Watch Ultra 2” we “Apple Watch Series 9” bilen tanyşdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Belgiýanyň Challenge Airlines awiakompaniýasy Aşgabatda gonup geçmek bilen ýük gatnawlaryny amala aşyryp başlady, Türkmen mekdep okuwçylary TURKSOÝ bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldylar we beýleki habarlar
2023-nji ýylyň garaşylýan smartfonlary
Iň köp satylan smartfonlar mälim edildi
Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
Aşgabatda döwlet bagşyçylyk bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 3,5 müň maşgala üçin şäherçeler gurulýar, Apple iPhone 15 nesline degişli smartfonlaryny tanyşdyrdy we beýleki habarlar
Taryhda iň köp satylan ykjam telefon belli boldy