Ýuka hem çeýe smartfon öndürer

“Xiaomi” kompaniýasy ýuka we çeýe smartfony köpçülige ýetirmegi meýilleşdirýär. “Xiaomi Mix Fold 2” atly smartfon şu güne çenli öndürilen smartfonlaryň içinde iň çeýesi we ýukasy bolar.Täze smartfonda 8 dýuým ululygynda içki ekran we 6,5 dýuým daşky ekran bolar. “Snapdragon 8 Gen 1 Plus” prosessory oturdylan smartfonyň 16 GB LPDDR5 RAM-y, 4500 mAh kuwwatly batareýasy we üç sany yzky kamerasy bolar.

Ýene-de bellemeli zat hem, bu smartfonda özboluşly aýratynlyklary bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen “Samsung S22 Ultra”-dan hem has gowy kamera ýerleşdiriler. Oňa bu mümkinçiligi 12MP esasy sensory, 2x optiki ýakynlaşdyrma bilen 12MP telefon linzasy berýär. Täze smartfonyň tehniki aýratynlyklary bilen ýylyň iň gowy smartfonlarynyň birine öwrülmegine garaşylýar.

Aýmuhammet Nurgeldiýew,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Xiaomi 12S Ultra smartfony bilen tanyşdyryldy
Xiaomi 200-Mp-lik Samsung kameraly smartfon çykarar
Iň kuwwatly subflagman smartfonlar belli boldy
Android Police portaly ýylyň iň gowy smartfonlaryny aýtdy
Dünýäde 200 megapiksel kameraly ilkinji smartfon eýýäm şu ýyl satuwa çykarylar.
AnTuTu bençmarky baha-hil gatnaşygy boýunça iň gowy smartfonlary saýlady