Android Police portaly ýylyň iň gowy smartfonlaryny aýtdy

Android Police portaly ýylyň iň gowy smartfonlaryny aýtdy

Android Police portalynyň wersiýasyna görä 2022-nji ýylyň iň gowy smartfonlary adyny Samsung bilen Google-iň gajetleri paýlaşdy. Birinji orny Galaxy S22 Ultra eýeledi. Bu barada Gazeta.ru salgylanyp, Day.Az habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu flagman bazarda iň gowy displeýe, ýokary hilli materiallara we gurnamalara eýe boldy. Onuň ýene bir artykmaçlygy, S Pen stilusynyň bolmagydyr. Ýöne Galaxy S22 Ultra-nyň kemçilikleri-de bar. Mysal üçin, korpusynyň uludygy sebäpli smartfony ulanmak oňaýsyz bolýar. Mundan başga-da, onuň zarýad beriji gurluşy ýok we bahasy hem ýokary.

Ikinji orunda Google Pixel 6 ýerleşdi. Portalyň pikiriçe, smartfon gurluşyň kamerasyndan alynýan suratlaryň hiliniň gowudygy, ýokary öndürijilik, Android 12-ä esaslanýan Material You operasion sistemasy we öndüriji tarapyndan bäş ýyllyk goldaw bilen öwnüp bilýär. Smartfona teleobýektiwiň ýetmeýändigi, kameralaryň bolsa käwagt yşyk tutup bilýändigi bellenilýär. Şeýle-de, smartfonyň barmak yzyny skanerleýjisi işleýiş tizligi boýunça bäsdeşlerinden yza galýar.

Reýtingde üçünji orny Samsung Galaxy Z Fold3 eýeledi. Eplenýän gajetiň artykmaçlyklarynyň arasynda formfaktory, ýokary öndürijilik, iki tarapdan hem ýokary hilli displeýler we öndüriji tarapyndan 2025-nji ýyla çenli programma üpjünçiliginiň täzelenmesi bellenilýär. Onuň kem tarapyna ekranasty frontal kamera, awtonom işiň ortaça wagty we ýokary baha degişli.

Google-iň ortaça bahaly smartfony Pixel 5a dördünji orunda ýerleşdi.Hünärmenler onuň awtonom iş wagtyny, baha-hil gatnaşygynda kameralardan alynýan suratlary, IP67 standarty boýunça suwdan goraglylygyň bolmagyny we 2024-nji ýyla çenli täzelenmeleri göterýändigini aýratynlandyrdylar.

Kemçilikleriniň arasynda geçen ýylky Pixel 4a bilen deňeşdirilende göwrüminiň ulalmagy we ýakyn wagtda köneljek Snapdragon 765G çipseti bar. Şeýle-de, suratyň 60 Gs täzelenme ýygylygy bilen hili pes bolan displeý we gurluşyň elýeterliliginiň çäkli bolmagy onuň kem tarapyna degişli edilýär.

Sanawda bäşinji orny Samsung Galaxy Z Flip3 eýeledi. Bu eplenýän smartfon "adaty" flagman bahasy we ýokary hilli gurnama bilen tapawutlanýar. Hünärmenler onuň jübä kynçylyksyz ýerleşmäge mümkinçilik berýän formfaktoryny hem goldaýarlar. Smartfonyň kem tarapyna awtonom iş wagtynyň gowşaklygy, bäsdeşlige ukypsyz kameralar we bary-ýogy 15 Wt bolan zarýad berişiň tizligi degişlidir.

Ýene degişli makalalar

2022-nji ýylyň iň gowy Android smartfonlary kesgitlenildi
Samsung täze Galaxy A04 bilen tanyşdyrdy
Samsung täze Galaxy A23 5G bilen tanyşdyrdy
Iň gowy kiçi smartfonlar belli boldy
Xiaomi 12S Ultra smartfony bilen tanyşdyryldy
2022-nji ýylyň iň gowy android-smartfonlary kesgitlenildi