Samsung täze Galaxy A23 5G bilen tanyşdyrdy

Samsung täze Galaxy A23 5G bilen tanyşdyrdy

Samsung Electronics kompaniýasy gymmat bolmadyk we uzak ulanyp bolýan smartfonlar hatarynyň üstüni ýetirýän Galaxy A23 5G bilen tanyşdyrdy.

Bu smartfon ilkinji gezek martda görkezilen Galaxy A23 4G-iň, bäşinji nesliň 5G öýjükli toruny saklaýandygy we beýleki käbir zatlary bilen tapawutlanýan, täzelenen wersiýasydyr.SoC-iň takyk modelini öndüriji anyk aýtmaýar, Geekbench bençmarkyň maglumatlar bazasyndan alnan habara görä, Qualcomm Snapdragon 695-iň gürrüňi edilýän bolmaly.

Smartfona sygymy 5000 mA.s bolan akkumulýator, Full HD+ (1080 x 2408 piksel) razreşeniýeli 6,6 dýumlyk ŽK ekran, 8 Mp-lik selfi-kamera, esasy dördünji kamera (50 Mp, 8 Mp, 2 we 2Mp), 4-8 GB OZU we 64/128 GB fleş-ýat, barmak yzyny alýan skaner, Android 12 operasion ulgamyň esasynda One UI 4.1 şereket daşlygy, 5G goldawy, Wi-Fi (802.11 a/b/g/n/ac, 2,4 we 5 GGs), Bluetooth 5.1 goýlupdyr.

Resmi taýdan haçan satylyp başlanjakdygy we bahasynyň näçe boljagy barada heniz hiç zat aýdylmady.

Ýene degişli makalalar

Samsung täze Galaxy A04 bilen tanyşdyrdy
Xiaomi Hello Kitty äheňinde smartfon çykarar
AnTuTu iň öndürijilikli Android smartfonlarynyň reýtingini täzeledi
“Nokia” täze smartfonyny hödürledi
2022-nji ýylyň iň gowy Android smartfonlary kesgitlenildi
Samsung kompaniýasy Galaxy A23 smartfonyny hödürledi